Türkmenistanda Hytaý bilen bilelikde adaty lukmançylyk merkezi dörediler

21:3506.01.2023
0
47319

Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Pekine amala aşyran döwlet saparynyň barşynda gol çekilen Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.

«Taraplar lukmançylyk we saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi, adaty lukmançylyk ulgamynda alyşmalary berkitmegi, Türkmenistanda adaty lukmançylyk merkezini bilelikde döretmegi hem-de dermanlyk ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek, adaty lukmançylygyň kömegi bilen keselleri anyklamak hem-de bejermek babatda hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar. Hytaý tarapy lukmançylyk hünärmenlerini taýýarlamakda ýardam bermäge hem-de keselleriň öňüni almakda türkmen tarapy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, saglygy goraýyş, uzak aralykdan lukmançylyk babatda adatdan daşary çäreleri görmäge, adamzadyň saglygyny goraýyş bileleşigini döretmegi ilerletmäge taýýardyr» diýlip, bu resminamada beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň