Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasy

13:4506.01.2023
0
44273

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 5-6-njy ýanwary aralygynda Hytaýda döwlet sapary bilen boldy.

Mähirli we dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda döwletleriň Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň, köptaraply hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumyny, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerini düýpli ara alyp maslahatlaşdylar hem-de özara düşünişmegi gazandylar.

Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri 31 ýylyň içinde dürli ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn netijelerine ýokary baha berip, Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň eýýäm hemmetaraplaýyn ösüşiň täze tapgyryna başlandygy barada bir pikire geldiler. Hyzmatdaşlygyň ýokary derejesinden we gatnaşyklary giňeltmäge iki tarapyň gyzyklanýandygyndan ugur alyp, Taraplar hemmetaraplaýyn strategik türkmen-hytaý hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüşi hakynda yglan etdiler we köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin tagallalary dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Taraplar bir ykbal bileleşigi hakyndaky başlangyjyň çäklerinde iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň geljeginiň bähbidine asyrlara uzaýan dostluk, raýdaşlyk we özara bähbit bilen häsiýetlenýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini beýan etdiler.

Hytaý tarapy Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyny yglan edenden soň döwleti berkarar etmekde we gurmakda gazanan giň gerimli üstünliklerine ýokary baha berýär hem-de Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň we Hökümetiniň ýurtda durnuklylygy hem-de depginli ösüşi üpjün etmek boýunça alyp barýan syýasatyny we geçirýän çärelerini goldaýandygyny ýene-de tassyklaýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öňde goýlan ähli maksatlaryň amala aşyryljakdygyna ynam bildirýär.

Türkmen tarapy Hytaý Kommunistik partiýasyny 20-nji gurultaýyň üstünlikli geçirilmegi, şeýle hem Si Szinpiniň Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary wezipesine täzeden saýlanmagy bilen gutlady. Hytaýyň täze döwrüň onýyllygynda durmuş-ykdysady ösüşde gazanan uly üstünliklerine ýokary baha berip, türkmen tarapy hytaý
halkyna Hytaý Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçylygynda döwrebaplaşdyrylan sosialistik döwleti gurmakda, Hytaý Halk Respublikasynyň ýüz ýyllygy mynasybetli bellenen hytaý döwrebaplaşdyrmasynyň kömegi bilen hytaý milletiniň galkynyşynyň maksatlaryny we hemmetaraplaýyn ilerlemegini amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar birek-biregiň düýpli bähbitlere degişli meselelerde özara goldawyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek üçin esas goýujy ýörelge bolup durýandygyny belleýärler.

Hytaý tarapy Türkmenistanyň özbaşdak saýlanyp alnan ösüş ýoluny hem-de onuň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda amala aşyrýan içeri we daşary syýasatyny berk goldaýar.Türkmen tarapy Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň bütin Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny hökümeti, Taýwanyň Hytaýyň çäkleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny ýene-de tassyklaýar. Türkmen tarapy bir Hytaý ýörelgesine eýerýär, «Taýwanyň garaşsyzlygynyň» islendik görnüşlerine garşy çykyş edýär, Taýwan aýlagynyň iki kenarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň parahatçylykly ösüşini we ýurdy birleşdirmek boýunça hytaý hökümetiniň ähli tagallalaryny goldaýar. Taraplar islendik güýç arkaly içerki işlere gatyşylmagyna ýol bermezlik boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk ederler.

Taraplar döwlet Baştutanlarynyň diplomatiýasy Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin syýasy üpjünçiligi hem-de strategik ýolbaşçylygy gazanmaga mümkinçilik berýär diýen bir pikire geldiler. Taraplar özara strategik we syýasy ynamy yzygiderli pugtalandyrmagyň bähbidine ýokary we belent derejelerde ysnyşykly gatnaşyklary saklarlar, döwlet dolandyryşynyň tejribesini alyşmagy çuňlaşdyrarlar. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri hem-de umumy gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça öz wagtynda pikir alyşmak we garaýyşlary ylalaşmak üçin, dürli derejelerde duşuşyklary hem-de geňeşmeleri mundan beýläk-de işjeňleşdirerler.

Taraplar Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň utgaşdyryjy ornuny doly amala aşyryp, «Bir guşak we bir ýol» hem-de Beýik ýüpek ýoluny dikeltmek başlangyçlaryny baglanyşdyrmagyň üstünde işlemegi işjeňleşdirmegi, Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň bähbidine Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň 5 ýyl (2021–2025 ýý.) üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge güýçleri gönükdirmegi ylalaşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ägirt uly şertlerini hem-de mümkinçiliklerini görýärler. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny durmuşa geçirip, Taraplar ikitaraplaýyn söwdanyň möçberini yzygiderli giňelderler, onuň düzümini diwersifikasiýalaşdyrarlar, çig mal däl pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirerler, ileri tutulýan ykdysady taslamalaryň sanawyny ylalaşmak boýunça işleri çaltlandyrarlar, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hilini we derejesini ýokarlandyrarlar.

Taraplar özara maýa goýumlarynyň gerimini giňeltmek üçin, netijeli çäreleri görmegi, şu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen, senagat hem-de maýa goýumlary boýunça hökümetara hyzmatdaşlygynyň usulyny döretmegi ýokary depginler bilen ösdürmegi ylalaşdylar. Taraplar şu ulgamda möhüm gural we ugur bolup çykyş edýän maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparyna oňyn baha berdiler, onuň ornuny mundan beýläk-de berkitmäge hem-de ulanmaga taýýardygyny beýan etdiler. Sanly ykdysadyýet we ýaşyl ösüş boýunça maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmekde türkmen-hytaý resminamalaryny durmuşa geçirmek işini işjeňleşdirmäge özara taýýarlyk, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ýokary hilli ösdürmegiň bähbitlerine maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça täsirli çäreleri görmek beýan edildi.

Taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda gaz boýunça hyzmatdaşlygy möhümdigini belleýärler. Taraplar bu ugurda toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň bu ugrunda – önümçilikde, turbageçirijiler boýunça akdyrmakda, söwdada, maliýeleşdirmekde we tehniki üpjünçilikde ülňüsi döredilendigini belleýärler. Türkmenistan we Hytaý energetika babatda hakyky strategik hyzmatdaşlar bolup durýarlar. Özara düşünişmek, akýüreklilik, açyklyk we özara bähbitli ýörelgelere eýerip, Taraplar mundan beýläk-de hereket edýän şertnamalary doly ýerine ýetirerler, gaz hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikleri ilerlederler, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan işläp geçmegiň ikinji tapgyryny, «Türkmenistan–Hytaý» gazgeçirijisiniň D ulgamynyň gurluşygyny we beýleki bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmagy çaltlandyrarlar, gaz senagatynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirerler.

Taraplar üpjünçilik ulgamlarynyň özara baglanyşygynyň Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň arasynda hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda täze ösüş nokady bolup durýandygyny belleýärler, şunuň bilen baglylykda, «Halkara awtomobil ulagy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ylalaşmagyň çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler, iki ýurduň arasynda ýollary birleşdirmekde we serhetüsti ulaglar ulgamynda hyzmatdaşlyga ýardam bermegiň zerurdygyny nygtadylar, Hytaý–Gyrgyzystan–Türkmenistan–Eýran demir ýol konteýner otlularynyň gatnawlarynyň hem-de Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan–Türkmenistan multimodal halkara gatnatmalarynyň sanyny we möçberlerini artdyrmagy, SARES, OSŽD-niň hem-de beýleki köptaraply usullaryň çäklerinde gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy dowam ederler. Hytaý tarapy ulag üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygyny çaltlandyrmakda we häzirki zaman ulag-logistika ulgamyny döretmekde Türkmenistana ýardam bermäge taýýardygyny beýan edýär.

Taraplar lukmançylyk we saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi, adaty lukmançylyk ulgamynda alyşmalary berkitmegi, Türkmenistanda adaty lukmançylyk merkezini bilelikde döretmegi hem-de dermanlyk ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek, adaty lukmançylygyň kömegi bilen keselleri anyklamak hem-de bejermek babatda hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar. Hytaý tarapy lukmançylyk hünärmenlerini taýýarlamakda ýardam bermäge hem-de keselleriň öňüni almakda türkmen tarapy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, saglygy goraýyş, uzak aralykdan lukmançylyk babatda adatdan daşary çäreleri görmäge, adamzadyň saglygyny goraýyş bileleşigini döretmegi ilerletmäge taýýardyr.

Taraplar oba hojalyk hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrarlar, suw tygşytlaýjylar arkaly suwarmak, pagtany gaýtadan işlemek, oba hojalyk tehnikalary we oba hojalyk tehniki hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňelderler. Hytaý tarapy Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň arasynda oba hojalyk hyzmatdaşlygy merkezini döretmäge türkmen tarapynyň gatnaşmagyny goldaýar.

Taraplar medeniýet, bilim, ylmy-tehniki we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Hytaýda türkmen medeniýet merkezini we Türkmenistanda hytaý medeniýet merkezini döretmek boýunça işleri çaltlandyrmak, «Lu Ban ussahanasy» taslamasyny bilelikde amala aşyrmagy ilerletmek, şeýle hem 2023-nji we 2024-nji ýyllarda medeniýetiň çatryk ýyllaryny geçirmek islegini tassyklaýarlar. Hytaý tarapy çäreleri guramakda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny hem-de «Türkmen alabaýlary» assosiasiýasyny goldaýar. Taraplar Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň welaýatlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy we hyzmatdaşlygy ösdürmegi höweslendirýärler.

Taraplar howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasynda özara ynanyşmagyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär diýip hasaplaýarlar. Taraplar hukuk goraýyş işi we howpsuzlyk babatda ygtyýarly edaralaryň ugry boýunça ysnyşykly gatnaşyklaryň oňyn däplerini goldamagy, terrorçylyga garşy göreşmäge, «üç belanyň güýjüne» aýgytly garşy durmaga degişli maglumatlary alyşmagy işjeňleşdirmegi, esasy taslamalaryň we köpçülikleýin çäreleriň howpsuzlygyny üpjün etmek tejribesini alyşmagy, şeýle hem strategik ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň howpsuzlygyny we durnukly işlemegini goldamagy dowam ederler. Taraplar geljekde hem ýaragly güýçleriň ugry boýunça strategik gatnaşyklary pugtalandyrmagy, harby ulgamda özara ynanyşmagy çuňlaşdyrmagy, wekiliýetleriň özara saparlary, işgärleri taýýarlamak we harby tehnika ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň gerimini giňelderler hem-de alyşmagy işjeňleşdirerler.

Taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin, möhüm esas hökmünde «Merkezi Aziýa–Hytaý» duşuşygy usulyna ýokary baha berdiler, gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny hem-de «Merkezi Aziýa – Hytaý» görnüşinde döwlet Baştutanlarynyň geljeki duşuşygyny üstünlikli geçirmek üçin bilelikde tagalla etjekdiklerini tassykladylar.

Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde utgaşdyrmagy we hyzmatdaşlygy dowam etmäge, halkara hem-de sebit gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça öz wagtynda seljermeleri geçirmäge taýýardyr. Taraplar ählumumy howpsuzlyk boýunça başlangyçlary bilelikde öňe sürmek, Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy goramak üçin tagalla etjekdigini tassyklaýarlar. Hytaý tarapy Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygyny goldaýar, 2023-nji ýyly «Dialog – parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly» diýip yglan etmek baradaky türkmen başlangyjyna ýokary baha berýär. Türkmen tarapy ählumumy ösüş boýunça hytaý başlangyjyny işjeň goldap, onuň meýilleşdirilen möhletlerde Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş baradaky maksatlaryny gazanmakda netijeli ornuny belleýär.

Taraplar döwletleriň Baştutanlarynyň geçirilen duşuşygynyň uly ähmiýeti bar diýip hasaplaýarlar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Sizinpine minnetdarlyk bildirdi we ony iki tarap üçin amatly wagtda Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy.

Bilelikdäki Beýannama Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň