Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ― hytaý gepleşikleriniň çäklerinde 16 resminama gol çekildi

11:1406.01.2023
0
32349

Şu gün Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüniň metbugat maslahatlary zalynda iki ýurduň Liderleri dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular. Umuman, hormatly Prezidentimiziň Hytaýa ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek möhüm resminamalaryň jemi 16-syna gol çekildi.

Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda «Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlarynyň arabaglanyşygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda «ýaşyl» ösüş babatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda sanly ykdysadyýet babatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetini döretmek hakynda 2008-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Ylalaşyga goşmaçalar girizmek barada Teswirnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş boýunça döwlet komissiýasynyň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda 2023 — 2027-nji ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasy; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda 2023 — 2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň meýilnamasy; Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş döwlet müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Hytaý Olimpiýa komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň nebitgaz korporasiýasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bar.

Saparyň jemleri boýunça gol çekilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Media korporasiýasynyň arasynda habar maglumatlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «Sinhua» habarlar agentliginiň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda habarlary alyşmak we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «Ženmin Žibao» gazetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hytaýyň nebitgaz korporasiýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bolsa ynsanperwer ulgamda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň anyk ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň