«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy tomus möwsümine taýýarlyk görýär, Türkmenistanyň Prezidenti ýol hereketinde goýberilýän kemçilikleri aradan aýyrmagy tabşyrdy, «Petronasyň» täze iş orunlary, «Gala» medeni dynç alyş merkezi gaýtadan açyldy

10:0406.05.2022
0
13019

1. Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarynda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda kottejler toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, bu toplumy Rowaç diýip atlandyrmak teklip edildi.

2. Türkmenistanyň Prezidenti penşenbe güni geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda köçe-ýol hereketiniň düzgünleri berjaý edilende ýüze çykýan kemçilikleri aradan aýyrmagy hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny mundan beýläk hem üpjün etmek üçin kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmegi tabşyrdy.

3. Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» nebitgaz kompaniýasy Gyýanlyda tehnik wezipesi üçin iş ornuny döredendigini habar berdi. Arza bermek üçin anketalary şu salgydan alyp bilersiňiz: Aşgabat şäheri, S.Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý (B bina).

4. «Gala» medeni-dynç alyş merkezi gaýtadan müşderilerine hyzmat edip başlady. Dynç alyş merkezde myhmanlaryň ýokary derejede dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir: restoranlar, kiçi seýilgähler, batutlar we sallançaklar ýerleşdirilen çagalar üçin dynç alyş meýdançalary, şeýle hem tomus möwsüminde myhmanlar şol çäkde ýerleşýän iň uly howzuň we akwaparkyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler. Merkez müşderiler üçin hepdäniň dowamynda sagat 10:00-dan 22:00-a çenli açykdyr.

5. Aşgabatda ýerleşýän «Kiberone» Halkara kiber-mekdebi 6 ýaşdan 16 ýaşa çenli mekdep okuwçylaryny programmirleme we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça okuw kurslaryna kabul etmegini dowam edýär. Okuw kurslarynda okuwçylara saýtlary we mobil goşundylaryny işläp düzmek, kompýuter oýunlaryny döretmek, web-dizaýnerlik, CEO we SMM dolandyrmak öwredilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 63 63 91 92.

6. «Türkmenpoçta» özüniň internet-dükanynda «Agzybirlik Tilsimaty» kompaniýasynyň öndürýän smart-sagatlarynyň satuwyny ýola goýdy. Hytaýyň kompaniýalary bilen bilelikde işlenilip düzülen gadjetleriň bu görnüşi «Saglyk» diýlip atlandyrylýar. Şeýle hem onlaýn dükanda kompýuter syçanjyklary, klawiaturalar, ses beriji enjamlar we web-kameralar satylýar.

7. 23-nji iýunda Aşgabat şäherinde Derweze gaz kraterini dolandyrmagyň mümkinçiliklerine bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçiriler. Foruma energetika ulgamynyň öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşarlar. Halkara ylmy maslahat barada has takyk maglumatlar bilen www.ogt-turkmenistan.com resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.

8. Türkmenistanyň wekiliýeti 19-21-nji maýda Tatarystanyň paýtagtynda geçiriljek ХIII Halkara ykdysady sammitine gatnaşar. «KazanSummit 2022» Russiýanyň sebitleriniň we yslam dünýäsiniň döwletleriniň özara ykdysady gatnaşyklaryny berkitmekleri üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

9. 1941-1945 ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygynyň öňýanynda Astrahanyň «Doganlyk seýilgähinde» «Baky şöhrat oduna» gül desselerini goýmak dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň konsuly Güýç Garaýew gatnaşdy.

Dünýäde

1. Özbegistanda Gün elektrostansiýalaryndan alynýan elektrik energiýasyny ulanmak esasynda kriptowalýuta almaga rugsat berildi. Şeýlelikde, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň wirtual walýuta esaslanýan ähli amallarynda girdeji salgydy alynmaýar. Munuň üçin kompaniýalar ýurtda kriptowalýutanyň dolanyşygyny düzgünleşdirýän edara bolan Özbegistanyň Milli geljegi uly taslamalar agentliginde hasaba alynmalydyrlar.

2. Onlaýn-auksionda Diýego Maradonanyň futbolyň taryhynda iň meşhur goluny geçiren wagty geýen köýnekçesi $9,3 mln amerikan dollaryna satyldy. Bu köýnekçede argentinaly futbolçy Meksikada geçirilen Dünýä çempioantynda Angliýanyň ýygyndy toparynyň derwezesine «Hudaýyň eli» diýip atlandyran goluny geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň