«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy täze iş ornuny yglan etdi

10:3805.05.2022
1
26967

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Gyýanly obasynda işlemek üçin tehniki (tehnologik iş ýagdaýy) boýunça ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar.

«Türkmenistan» gazetiniň 5-nji maýdaky neşir edilen sanynda habar berlişi ýaly, işe kabul ediljek dalaşgärden degişli institutyň tehniki dereje berýän diplomy ýa-da deň derejeli resminamasynyň bolmagy, şeýle-de «PETRONAS» Nebit we gaz tehnologiýalar institutynda (INSTEP) nebiti gazyp almak tehnologiýasy Maksatnamasy boýunça okuwy tamamlan bolmagy, nebitgaz ýa-da degişli pudakda ulanyş boýunça tehnik wezipesinde 5 ýyldan 15 ýyla çenli gazyp almak, mehanika, elektrik we barlag-ölçeg abzallary boýunça subut edilen biliminiň we endikleriniň bolmagy, iňlis dilini başlangyç derejede, türkmen we rus dillerini erkin bilmegi, şol sanda «MS Office» programmasyny bilmek talap edilýär.

Dalaşgärler iş üçin gerekli sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilerler.

Doldurylan resminamalar şu bildirişiň gazetde çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman, «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly adyny, familiýasyny görkezip tabşyrylmaly ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Habarda diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärleriň söhbetdeşlige çagyryljakdygy bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň