Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada tomusky dynç alşa görülýän taýýarlyk bilen tanyşdy

23:1905.05.2022
0
18831

Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän tomus möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen, Balkan welaýatynda iş saparynda bolýar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy deňizýaka sebitine saparynyň çäklerinde Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýerleşen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna baryp gördi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan kottejler toplumynda ýerine ýetirilýän işler, gurluşygyň hil derejesi we ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurulýan toplumda adamlaryň amatly ýaşaýşy we oňaýly dynç alşy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Milletiň Lideri bu ýerde bolmagynyň çäklerinde gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi hem-de bellenilen möhletde tamamlanmagy bilen bir hatarda, binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, bu künjegiň ekologiýa ýagdaýyny nazara almak babatda birnäçe nesihatlary berdi.

Şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda bina edilen kottejler toplumyna häzirki döwrüň ruhuna kybap gelýän at dakmak başlangyjyny öňe sürdi we ýurduň telekeçileriniň bu baradaky teklipleri bilen gyzyklandy.

Habar berlişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň rowaç alýandygy, umuman, häzirki döwrüň her bir pursatlarynyň rowaçlyklara beslenýändigi nazara alnyp, bu topluma «Rowaç» diýip at dakmak baradaky teklip öňe sürüldi.

Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýurduň rowaç gadamlaryna kybap gelýändigini belläp, bu topluma «Rowaç» diýip atlandyrmak baradaky teklibi makullady.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi bilen bilelikde, amatly howa gurşawy bolan kenarýakasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

«Türkmenportalda» ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 29-njy aprelde geçirilen mejlisinde tomus möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagyň zerurdygy boýunça degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň