Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2019/2020-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

0
63234
Salgysy:
г. Ашхабад, ул. Б.Аннанова, 136
Telefon belgiňiz:
28-18-86; 28-18-04
Soňky täzelenme:

1. Binagärlik (hünärler: binagärlik; şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek; binagärlik gurşawynyň dizaýny);
2. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: senagat we raýat jaý gurluşygy; ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy; suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş we suw gorlaryny goramak; awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy; gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek; köprüler we ulag tonnelleri; şäher gurluşygy; amaly geodeziýa; gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy (gurluşyk pudagynda));
3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünärler: maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary; maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi; maglumat-ölçeýiş tehnikasy we tehnologiýasy);
4. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (hünärler: senagat elektronikasy; mikroelektronika we ýarym geçiriji abzallar);
5. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünärler: elektrik üpjünçiligi; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy);
6. Maşyngurluşyk (hünärler: önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy; göteriji-äkidiji, gurluşyk, ýol maşynlary we enjamlary; himiýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kärhanalarynyň maşynlary we apparatlary);
7. Himiýa tehnologiýalary (hünärler: organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy; eremesi kyn metal däl we silikat materiallarynyň himiki tehnologiýasy; aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy);
8. Materiallaryň tehnologiýalary (hünär: metallary basyş bilen işläp taýýarlamak).
9. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: ykdysadyýet we dolandyryş (gurluşyk pudagynda); kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (durmuş, ýaşaýyş-jemagat we şäher hojalygy kärhanalarynda); logistika (gurluşyk pudagynda).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 8 — 21-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
 Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşikleriniň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 24-25-i, 27-si we 29-y günleri
Ahal welaýaty — iýul aýynyň 26-sy, 28-i we 30-y günleri
Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günleri
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 3-i we 5-i günleri
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 8-i we 9-y günleri
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 8-i we 9-y günleri.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
binagärlik ugry boýunça — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary ugry boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
informatika we hasaplaýyş tehnikasy ugry boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary ugry boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
elektro we ýylylyk energetikasy ugry boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
maşyngurluşyk ugry boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
himiýa tehnologiýalary ugry boýunça — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
materiallaryň tehnologiýalary ugry boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
ykdysadyýet we dolandyryş ugry boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önümçilik tejribesi bolanlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Baba Annanow köçesi, 136, tel.: 28-18-86, 28-18-04.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler