Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty diplomatik gullugy üçin (3 aýlyk) okuwlara kabul edýändigini yglan edýär

0
25510
Salgysy:
Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.
Telefon belgiňiz:
22-02-63; 22-68-45

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatik gullugy üçin administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezi aşakdaky taýýarlyk ugurlary boýunça gysga möhletli (3 aýlyk) okuwlara kabul edýändigini yglan edýär:

1. Diplomatik poçta we hat alşygy;

2. Iş dolandyryjylyk (kanselýariýa işi);

3. Arhiw işi.

Okuw merkezi diplomatik poçta we hat alşygy hem-de arhiw işi ugurlaryna ýokary bilimi bolan, iş dolandyryjylyk ugruna  orta hünär bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlaryny test görnüşindäki giriş synaglarynyň netijeleri boýunça, bäsleşik esasynda, önümçilikden aýrylmak şerti bilen kabul edýär.

Dalaşgärleriň tabşyrmaly resmi kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary (ýa-da orta hünär) bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 möçberde 6 (alty) sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary 2020-nji ýylyň 2 — 25-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda kabul edilýär.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edişlik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2020-nji ýylyň 27-nji martynda geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça Türkmenistanyň taryhy, iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça geçirilýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan diňleýjilige kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— harby gullugy tamamlap gelenler.

Salgymyz: Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.

Telefon belgilerimiz: 22-02-63; 22-68-45.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler