Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2019/2020-nji okuw ýyly üçin magistratura taýýarlygyň «Bilimi dolandyrmak» we «Biznes-dolandyryş» ugurlary boýunça magistrlige kabul edýändigini yglan edýär:

0
84273
Salgysy:
г.Ашхабад, ул. 1958 (Андалиба), 169
Telefon belgiňiz:
39-85-62, 39-85-25
Soňky täzelenme:

Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda we iňlis dilinde alnyp barlar.
Magistratura söhbetdeşligiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde (Aşgabat şäheri) 2019-njy ýylyň 8 — 21-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işleýän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— magistratura okuwyna girmeginiň maksadynyň beýany «Statement of Purpose» (beýan iňlis dilinde ýazylmaly we 500 sözden köp bolmaly däl).
Bulardan başga-da, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär magistratura kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Uniwersitetiň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Söhbetdeşlik we okuwa kabul edilmek Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde (Aşgabat şäheri) awgust aýynyň 8 — 9-y aralygynda iňlis dilinde geçirilýär.
Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.
Söhbetdeşligiň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan magistratura kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önümçilik tejribesi bolanlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
— Magistratura girmeginiň maksadynyň beýanyndan ýokary baha alanlar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçe, 169, tel.: 39-85-62, 39-85-25.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler