Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna okuwa çagyrýarys
Türkmenistanyň içeri işler edaralary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ministrligiň institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýäris.
1. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna içeri işler edaralarynyň işgärlerine bildirýän talaplara doly gabat gelýän, orta we orta hünär bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli 26 ýaşy dolmaýan erkek raýatlar kabul edilýär.
2. Institutyň şu aşakdaky fakultetlerine okuwa kabul edilýär:
— hukuk fakulteti;
— ýörite edaralar fakulteti;
— ýangyn-tehniki fakulteti;
— içerki goşunlar fakulteti.
3. Dalaşgärleriň resminamalary institutyň okuw merkezinde kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin salgymyz: Aşgabat şäheriniň 2052-nji (Esgerler) köçesiniň 9-njy jaýy.
Telefonlary: 36-45-17, 36-44-97.
Başga-da bu temada

2025/2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň tertibi
|21.07.2023
8507
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi

2025/2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň tertibi
|21.07.2023
30157
Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

2025/2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň tertibi
|21.07.2023
6501
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi

Mekdeplerde gutardyş synagynyň soragnamalary
|28.04.2022
35440
