Soňky habarlar

Archive news

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty 2019/2020-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

0
1269
Salgysy:
г.Ашхабад, Сапармурата Туркменбаши шаёлы, 40
Telefon belgiňiz:
22-65-37, 22-68-61

1. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe).
 Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:
 1. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe; sport žurnalistikasy; sagaldyş işi; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi).
2. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: sport desgalaryny dolandyrmak, sporty maliýeleşdirmek).
3. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa (sport psihologiýasy))
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 8 — 21-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— türgeniň kämillik kitapçasy (sport, bedenterbiýe, sport žurnalistikasy, sagaldyş işi, psihologiýa (sport psihologiýasy) hünärleri boýunça I derejeden pes bolmadyk), sport mekdebinden hödürnama we häsiýetnama (sport ugruna okuwa girýänler üçin);
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
 Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 24-25-i, 27-si we 29-y günleri
Ahal welaýaty — iýul aýynyň 26-sy, 28-i, 30-y günleri
Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günleri
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 3-i we 5-i günleri
 Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 8-i we 9-y günleri
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 8-i we 9-y günleri.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
sport; bedenterbiýe; sagaldyş işi hünärleri — sportuň saýlanan görnüşi (okuwa girýänler institutda alnyp barylýan sportuň 46 görnüşiniň birinden tassyklanylan möçbernamany ýerine ýetirmeli), biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
sport žurnalistikasy hünäri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;
sport desgalaryny dolandyrmak; sporty maliýeleşdirmek; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi hünärleri — matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
psihologiýa (sport psihologiýasy) hünäri — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— orta sport mekdeplerini tamamlan ýokary derejeli türgenler;
— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
— 2015 — 2019-njy ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri;
— 2015 — 2019-njy ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40, tel.: 22-65-37, 22-68-61.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň