Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow we Miller gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar, Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldy, geçen ýyl Türkmenistandan 11 müňden gowrak syýahatçy Azerbaýjana bardy

10:4916.02.2023
0
31782

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we «Gazprom-yň» müdiriýetiniň başlygy Alekseý Miller gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk «Gazprom-yň» wekiliýetiniň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde geçirildi. Taraplar gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň barşyny we mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

2. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi açyldy. Şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşmak üçin düzüminde 70-e golaý eýran kompaniýalarynyň we firmalarynyň agzalary bolan uly wekiliýet Aşgabada geldi. Şolaryň hatarynda dürli ugurlarda netijeli gatnaşyk etmegiň köpýyllyk tejribesine eýe bolan Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, şeýle hem sergä ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar bar. Bu sergi olara Türkmenistanda öz önümlerini görkezmek üçin başlangyç meýdança boldy.

3. 2022-nji ýylda Azerbaýjana baryp gören türkmenistanly syýahatçylaryň sany, takmynan, 11 müň raýata deň boldy. Azerbaýjana syýahat akymy boýunça birinji orny Russiýa eýeledi, ol ýerden 446 müňden gowrak adam geldi. Ikinji orunda Türkiýe – 311 müň syýahatçy. Eýran bolsa ilkinji üçlügi tamamlaýar (170 müň adam).

4. «Airbus» kompaniýasy bu görnüşli uçary ilkinji gezek sargyt eden «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçaryny onuň hususy reňkleri bilen reňklemek işlerini tamamlady. «Türkmen howaýollarynyň» şekilleri ýerleşdirilen uçaryň Irlandiýanyň Şannon şäheriniň howa menzilinde düşürilen suratlary ýöriteleşdirilen awiasiýa çeşmelerinde peýda boldy. Ilkinji «Airbus» uçarynyň 2023-nji ýylyň mart aýynda türkmen awiakompaniýasyna gowşurylmagyna garaşylýar.

5. Türkmenistan 2022-nji ýylda Russiýa we beýleki ýurtlara 104 müň tonna pomidor eksport etdi. Bu görkeziji 2021-nji ýyldakydan has köpdür, şol ýyl Türkmenistan RF-ni ýyladyşhana pomidorlary bilen üpjün edijileriň hatarynda ilkinji dörtlüge giripdi we şeýle önümleri Täjigistana esasy eksport ediji boldy, bu ýurda ilkinji gezek türkmen pomidorlary 2020-nji ýylda iberilipdi. Türkmenistanda ýyladyşhana gök-önümlerini, şol sanda pomidory ösdürip ýetişdirmek üçin 712 gektar ýyladyşhana meýdany bölünip berildi. Pomidorlary öndürmek möwsümi, yssy döwürleri hasaba almazdan, tutuş ýylyň dowamynda diňeb ýaly dowam edýär.

Dünýäde

6. «Forbes» žurnaly režissýor Jeýms Kemerony soňky bir ýylda şou-biznesden iň köp girdeji gazanan adamlaryň sanawyna goşdy. Neşiriň çeşmelerine görä, «Awataryň» täze bölüminiň kömegi bilen ol, azyndan, 95 million ABŞ dollaryny gazanyp bilipdir. «Awatar: Suwuň ýoly» dünýädäki kassa ýygymynda iki milliard dollardan gowrak girdeji gazandy we kino taryhynda iň köp girdeji gazanan dördünji film boldy.

7. Şri-Lankanyň ýolbaşçylary bir gezeklik plastik önümlerini ulanmagy dolulygyna gadagan etdi. Bu gadaganlyk daşky gurşawy goramak, şeýle hem adada ýaşaýan pilleri we ýabany keýikleri halas etmek maksady bilen girizildi. Tebigy taýdan dargamaýan plastik zyňyndylar pilleriň we ýabany keýikleriň iýmitine düşüp, olaryň ölümine sebäp bolýar. 2023-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, Şri-Lankada plastik önümlerini öndürmek we satmak gadagan ediler.

Sport habarlary

8. «Altyn asyryň» baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew «Soçi» futbol toparynyň tälimçisi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda hünär kämilleşdiriş tejribesini geçdi. Ýazguly Hojageldiýew Abu-Dabä gitdi, bu ýerde okuwynyň çäklerinde «Soçiniň» türgenleşiklerine we Berdiýewiň toparynyň RPL-iň Gyş Kubogyndaky synag duşuşyklaryna gatnaşdy. Ýatlatsak, Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygyndaky «Altyn asyr» geçen möwsüm Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynda ikinji orny eýeledi, şeýle hem yzly-yzyna sekizinji gezek ýurduň Super kubogynyň eýesi boldy. Bu ýyl «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary AFK Kubogyna gatnaşar.

9. Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşygynda «Borussiýa» «Çelsiden» üstün çykdy. Duşuşyk Dortmundda geçirildi we 1:0 hasabynda tamamlandy. Karim Adeýemi ýeke-täk goluň eýesi boldy. Paralel duşuşykda «Brýugge» öz meýdançasynda «Benfikadan» 0:2 hasabynda asgyn geldi. Ikinji ýarymda myhmanlaryň düzüminden Žoau Mariu we Dawid Neres tapawutlandylar. Bu jübütleriň jogap duşuşyklary 7-nji martda geçiriler.

Eýýäm şu gün Ýewropa ligasy we Konferensiýalar ligasy uly ekranlara gaýdyp gelýär. Ýewropa ligasynyň merkezi duşuşygynda Ispaniýanyň «Barselonasy» öz meýdançasynda Angliýanyň «Mançester Ýunaýtedini» kabul eder. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 22:45-de başlar, oýny «Match TW» teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň