Turkmenportal logo
15.02.23
5726857268
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow «Gazprom-yň» başlygy Alekseý Milleri kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow «Gazprom-yň» başlygy Alekseý Milleri kabul etdi

Russiýa Federasiýasynyň «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Miller iş sapary bilen Aşgabada geldi.


«Gazprom-yň» resmi saýtynda habar berlişi ýaly, Alekseý Miller saparynyň çäklerinde şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.


Rus habarlar gulluklarynda beýan edilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman ýangyç-energetika toplumynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, «Gazprom-yň» türkmen gazyny satyn almagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hereket edýän hökümetara ylalaşygyň ähmiýeti dogrusynda bellenildi. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän käbir soraglar boýunça hem pikir alşyldy.


A.Miller şu gün saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika pudagynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


«Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Miller 2022-nji ýylyň awgust aýynda hem Aşgabada sapar bilen gelipdi.


«Gazprom» 2003-nji ýylda Türkmenistanda öz wekilhanasyny açdy. 2019-njy ýylda bolsa «Türkmengaz» bilen bäşýyllyk şertnama gol çekişdi.