Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyryň» baş tälimçisi Gurban Berdiýewiň ýanynda tejribesini artdyrdy

16:4515.02.2023
0
35171

«Altyn asyr» futbol toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew häzirki wagtda Russiýanyň «Soçi» toparyna tälim berýän türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýewiň ýanynda bolup, tejribesini artdyrdy.

Toparyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, ol 26-njy ýanwar ― 10-njy fewral aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde iş saparynda boldy. Bu ýerde «aragatnaşykçylaryň» halypasy «Soçi» bilen RPL-iň Gyşky kubogyna gatnaşýan ildeşi bilen duşuşdy we ondan halypalyk sapaklaryny aldy.

Gurban Berdiýewiň «Soçini» geçen ýylyň dekabr aýynda kabul edip alandygyny ýatladýarys. Şeýlelikde Gazagystanda «Kaýrat», Eýranda «Traktor» toparlaryna tälim berensoň, türkmenistanly hünärmen 2021-nji ýylyň maý aýyndan bäri Russiýa ilkinji gezek gaýdyp geldi.

Ýurduň başga bir topary ― «Rubin» bilen iki gezek çempion bolan Berdiýew «Soçi» bilen 2,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Onuň topary häzirlikçe 17duşuşykda toplan 25 utugy bilen ýaryş tertibiniň dokuzynjy basgançagyny eýeleýär.

«Altyn asyr» bolsa geçen ýyl Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medalyny eýeledi. Şeýle hem topar taryhynda sekizinji gezek ýurduň Naýbaşy kubogyny gazandy.

Täze möwsüme has jogapkärçilikli girişen «aragatnaşykçylaryň» ýakynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň alty futbolçysy bilen düzümini güýçlendirendigini ýatladýarys. Olar hüjümçiler Didar Durdyýew, Selim Nurmyradow, derwezeçi Resul Çaryýew, goragçylar Serdar Annaorazow, Hoşgeldi Hojowow we ýarym goragçy Yhlas Saparmämmedowdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň