Turkmenportal logo
15.02.23
5087450874
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şri-Lankada bir gezek ulanylýan plastik önümler doly gadagan edildi
Şri-Lankada bir gezek ulanylýan plastik önümler doly gadagan edildiSurat: recyclemag.ru

Şri-Lankanyň hökümeti bir gezek ulanylýan plastik önümleriň ulanylmagyna doly gadaganlyk girizdi. Bu barada TASS habar berdi.


Gadaganlyk daşky gurşawy goramak, şeýle-de adada ýaşaýan pilleri we ýabany sugunlary goramak maksady bilen girizildi. Bu haýwanlaryň iýmitine plastik galyndylary barha köp düşüp, olary ölümine sebäp bolýar diýip, ýurduň habarlar ministri Bandula Gunawardany beýanat berdi.


Ministriň aýtmagyna görä, şu ýylyň iýunyndan başlap, Şri-Lankada plastik önümleriň önümçiligi we satuwy doly gadagan ediler. Bu 2017-nji ýylda plastik torbalary, 2021-nji ýylda plastikden edilen gap-gaçlardyr çaga oýnawaçlarynyň ýurduň çägine getirilmegine girizilen gadaganlyklaryň üstüni ýetirer.


Ýerli ekologlaryň bellemegine görä, Şri-Lankada plastikden bütinleý ýüz öwrülmegi örän wajyp bolup durýar. Sebäbi ýurt her ýyl plastik zibiliň onlarça tonnasyny öndürýär. Olary zerur enjamlaryň ýokdugy üçin gaýtadan işlemek mümkin däl. Netijede, plastik topraga aralaşyp, kem-kemden daşky gurşawa zyýan ýetirýär, müňlerçe ýabany haýwanlaryň ölümine sebäp bolýar.