Soňky habarlar

Arhiw

ÝÇL: «Çelsi» ýeňlişli, «Benfika» ýeňişli dolandy

08:4016.02.2023
0
23640

ÝÇL-iň 1/8 final tapgyryndan orun alan ýene iki jübütde deslapky oýunlar geçirildi. Olaryň biri myhmanlaryň, beýlekisi bolsa ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

Möwsümde garaşylmadyk ýagdaýda pleý-off tapgyryna ýollanma alan «Brýugge» öz öýünde «Benfikadan» 0:2 hasabynda asgyn geldi. Myhmanlara ýeňiş getiren gollary Joau Mariu (51, penalti) we Dawid Neres (88) derwezä ýollady.

Günüň beýleki gapma-garşylygynda «Borussiýa» (Dortmund) «Çelsini» kabul edip, Kerim Adeýeminiň 63-nji minutda uran ýeke-täk goly bilen minimal hasapda ýeňiş gazandy.

Bu jübütleriň arasyndaky jogap oýunlary 7-nji martdan 8-ne geçilen gijede oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň