Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi geçirilýär

22:0915.02.2023
0
21238

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guralan sergä gatnaşyjylar, ilki bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň kooperasiýa, zähmet we durmuş üpjünçiligi ministri dabara gatnaşyjylara we myhmanlara ýüzlendi. Ol iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary, aýratyn hem, ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny hemişe nygtaýandyklaryny we dürli derejelerde wekiliýetleri alyşmak arkaly, hyzmatdaşlygy giňeltmäge syýasy erklerini ýüze çykarýandyklaryny belledi.

Goňşy ýurduň ylym, senagat, işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar ulgamyndaky täze gazanan üstünliklerini görkezýän bu sergi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň depginli ösýän innowasion ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň hem aýdyň beýanyny ýüze çykardy.

Sergä gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň uly wekiliýeti Aşgabada geldi.

Forumda bellige alnan, maşyngurluşyk, dokma, azyk, nebitgaz, gurluşyk senagaty ýaly dürli pudaklarda iş alyp barýan 70-e golaý eýran kompaniýalarynyň we firmalarynyň hatarynda Türkmenistanyň dürli ugurlarda netijeli gatnaşyk etmegiň köpýyllyk tejribesine eýe bolan öňden gelýän hyzmatdaşlary-da bar.

Serginiň köp bölegini çärä ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar eýeleýär.

Köptaraply iri serginiň esasyny önümçilik tehnologiýasynda iň täze ylmy-tehniki gazanylanlary ulanýan Eýran Yslam Respublikasynyň senagat kärhanalarynyň diwarlyklary düzýär. Olar sergä aýlanyp görýänlerde uly gyzyklanma döredýär.

Sergi meýdançasynyň bir bölegini gurluşyk senagatynda, ýyladyş we sowadyş ulgamlary üçin senagat enjamlarynyň önümçiliginde, guşçulyk we maldarçylyk toplumlarynda, azyk pudagynyň we ýyladyşhana hojalyklarynyň kärhanalarynda işleýän iri firmalar eýeleýär. Köp sanly bölümlerde nebitgaz we elektroenergetika pudaklary, himiýa senagaty, ýol-ulag düzümleri, suw we oba hojalygy üçin enjamlaryň hem-de tehnikalaryň nusgalarydyr şekil taslamalary ýerleşdirildi.

Serginiň dowamynda ykdysady gözden geçirilişe gelýän köp sanly adamlara iň täze tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary görkezýän bu köptaraply sergi bilen giňişleýin tanyşmaga, özara bähbitler esasynda geljekki meýilnamalary hem-de işewürlik başlangyçlaryny kesgitlemäge mümkinçilik dörär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň