Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Hytaýa barar, Aşgabatda Rus kinosynyň hepdeligi dowam edýär, Türkmenistanda 2023-nji ýylda doglan ilkinji çaga Bagtyýar diýlip at goýuldy we beýleki habarlar

10:2504.01.2023
0
31237

1. 5-6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna barar. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu sapary HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça amala aşyrylar. Ýokary derejede geçiriljek duşuşygyň netijeleri boýunça taraplaryň hyzmatdaşlyk boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekmeklerine garaşylýar.

2. Türkmenistanyň paýtagtynda rus kinofilmleriniň we animasiýalarynyň görkezilişi dowam edýär. 2-12-nji ýanwar aralygynda Rus kinosynyň we animasiýasynyň hepdeligi «Aşgabat» kinoteatrynda geçiriler. Kinolaryň görkezilişine giriş mugt. Bu medeni çäre RF-niň Aşgabatdaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy.

3. Aşgabatly Mommadowlaryň maşgalasy üçin 2023-nji ýyl bagtly başlandy. Olaryň bäbejigi Täze ýylyň ilkinji minutlarynda Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde doguldy. Ol 2023-nji ýylda ýurtda doglan ilkinji çagadyr. Bäbejige Bagtyýar diýlip at goýuldy. Bäbejigiň agramy 3 kilogram 840 gram, boýy 53 santimetrdir. Oglanjygyň ene-atasyna Prezident Serdar Berdimuhamedowdan we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowdan gutlaglar hem-de sowgatlar gowşuryldy.

4. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Maýndaky Frankfurt ugry boýunça howa gatnawynyň ýygylygyny wagtlaýyn azaldýar. Hepdede iki gezek uçuşlaryň ýerine, gyşky tertip boýunça hepdede bir gezek amala aşyrylar. 7-nji ýanwardan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy çarşenbe günündäki uçuşy ýatyryp, uçuş tertibinde diňe şenbe günündäki howa gatnawyny galdyrar.

5. Türkiýe Türkmenistanyň raýatlaryna wiza üçin resminamalaryň sanawyny artdyrdy. 2023-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýäniň milli wizasyny resmileşdirmek üçin notarius tarapyndan tassyklanan «Ylalaşyk hakynda arza» gerek bolar. Türkiýäniň wiza merkezine barlanda beýleki zerur resminamalar bilen birlikde, «Ylalaşyk hakynda arzany» hem getirmelidir. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 12) 40 02 12.

6. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2022-nji ýylyň II ýarymýyllygy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, pensiýa gatançlary şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewralyna çenli aralyk döwürde tölenýär.

7. BAE-niň «FlyDubai» döwlet awiakompaniýasy Dubaýdan Aşgabada göni dowamly howa gatnawlarynyň awiapetekleriniň satuwyny ýola goýdy. Petekler eýýäm satuwa çykaryldy we awiakompaniýanyň saýtynda hem-de kassalarda elýeterlidir. Uçuşlar 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwaryndan başlanar we hepdede iki gezek amala aşyrylar. Uuçuşlar Dubaýdan Aşgabada duşenbe we penşenbe günleri, Aşgabatdan Dubaýa bolsa sişenbe we anna günleri amala aşyrylar.

8. Özbegistanyň bäş şeheriniň – Daşkendiň, Samarkandyň, Buharanyň, Fergananyň we Ürgenjiň howa menzillerinde syýahatçylar üçin «Tax Free» ulgamy girizildi. «Tax Free» ulgamy Özbegistanda bölek söwda eden daşary ýurtlaryň raýatlaryna telekeçilerden harytlaryň aýratyn görnüşlerini satyn alanlarynda töleýän möçberleriniň goşulan baha üçin salgydy yzyna gaýtarylýar. Pul sylagy (keşbek) hereket edýän harytlaryň sanawy Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylyň 8-nji noýabrynda çykaran Kararynda görkezilýär. Olaryň hataryna sowgatlyk önümler, hozlar, miweler we guradylan ir-iýmişler, deri we ýüň önümleri, halylar, dokma önümleri we beýlekiler girýär.

9. Bäsleşikli söwdada ABŞ-niň 26-njy Prezidenti Teodor Ruzweltiň sapançasy 910 müö dollara satyldy. Bu sapança Ruzwelte, takmynan, XIX asyryň ahyrynda, amerikan-ispan urşy ýyllarynda, ýagny ol Prezident saýlanmanka sowgat berlipdir. Ruzwelt sapançany krowadynyň ýanyndaky tumboçkada saklaýan eken. Ýaragyň ýaşy ýüz ýyldan hem uludyr, emma ol örän gowy ýagdaýda saklanypdyr.

10. Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu resmi taýdan Saud futbol topary «Al-Nasryň» oýunçysy hökmünde tanyşdyryldy. Ronaldunyň tanyşdyrylyşy Er-Riýadda geçirildi. Portugaliýaly oýunçynyň täze topar bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň iýunyna çenli baglaşyldy. 37 ýaşly futbolçy 7-nji belgi bilen çykyş eder.

11. «Abdyş Atanyň» türkmen derwezebany Rahat Japarow Gyrgyz Premýer-ligasynyň 2022-nji möwsüminiň iň gowy derwezebany hökmünde saýlandy. Ses berlişige Gyrgyz futbol birleşiginiň degişli bölümleriniň tälimçileri we toparlarynyň kapitanlary, komissarlary, sport žurnalistleri we hünärmenleri gatnaşdylar. Derwezeban 21 duşuşyga çykyp, şolaryň 13-ni derwezesine pökgi geçirmän tamamlady. Ol derwezesine jemi 11 gol geçirdi. Rahat Japarow 26 ýaşynda, ol «Abdyş Ata» toparynyň düzüminde 2022-nji ýyldan bäri çykyş edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň