Arhiw

Rahat Japarow Gyrgyzystanyň Premýer ligasynda «Iň gowy derwezeçisi» diýlip yglan edildi

18:2502.01.2023
0
35650

«Abdyş-Ata» futbol toparynyň türkmenistanly derwezeçisi Rahat Japarow Gyrgyzystanyň Premýer ligasynyň 2022-nji ýyldaky «Iň gowy derwezeçisi» diýlip yglan edildi. Bu barada liganyň metbugat gullugy habar berýär.

Geçen ýylyň futbol möwsüminiň iň gowy wekillerini saýlamak üçin toparlaryň tälimçileriniň, kapitanlarynyň, komissarlaryň, sport žurnalistleriniň we sport jemgyýetçiliginiň beýleki käbir wekilleriniň gatnaşmagynda ses berlişik geçirildi. Ses berenler geçen möwsümiň iň gowy derwezeçisi hökmünde türkmenistanly derwezeçini saýladylar.

Gyrgyz ligasynyň geçen möwsüminde Rahat Japarow 21 duşuşykda derwezäni gorap, şolaryň 13-sinde goraýan derwezesinden bir pökgi hem geçirtmedi. Garşydaş toparlaryň futbolçylary möwsümiň dowamynda onuň goraýan derwezesinden 11 pökgi geçirip bildiler.

26 ýaşly Rahat Japarowa «Abdyş-Atada» geçen ýylyň ýanwaryndan bäri çykyş edip gelýär. Ol toparyň düzüminde ýurduň çempiony boldy we Gyrgyzystanyň kubogyny eýeledi.

«Transfermarkt» Rahat Japarowa 250 müň ýewro baha kesýär.

Rahat Japarowyň 2021-nji ýylda Täjigistanda hem iň gowy derwezeçi hökmünde ykrar edilendigini ýatladýarys. Ol 2019-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hem agzasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň