Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýä gidýän Türkmenistanyň raýatlary ýene bir goşmaça resminama almaly bolarlar

13:2703.01.2023
0
95615

Şu günden ― 2023-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistandan Türkiýe Respublikasyna gitmek isleýänler wiza almak üçin ýene-de bir goşmaça resminamany almaly bolarlar.

Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Türkiýä wiza ýüztutma merkeziniň resmi saýty arkaly habar berildi.

Habarda aýdylyşy ýaly, mundan beýläk, Türkiýä gidýän Türkmenistanyň raýatlary «Razylyk beýannamasyny» almalydyrlar. Bu beýannama merkeziň özünden alynýar.

«Razylyk beýannamasy» merkezde gol çekilen anketa goşulmalydyr.

Goşmaça resminama baradaky sowallara merkeziň sowal-jogap gullugy ýa-da elektron poçta arkaly jogap berilýär.

Merkeziň elektron salgysy: helpline.turkmenistan@gateway.com.tr

Sowal-jogap gullugy: +99312400212

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň