Soňky habarlar

Arhiw

Ruzweltiň sapançasy 910 müň dollara satyldy

11:2303.01.2023
0
18145

ABŞ-nyň 26-njy Prezidenti Teodor Ruzweltiň sapançasy auksionda 910 müň dollara satyldy diýip, «Rock Island Auction Company» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Ilki sowuk ýarag 800 müňden 1,4 million dollar bahalandy. Sapançanyň ýaşy 100-den geçýär, ol oňat saklanypdyr. Ruzwelt ony 1898-nji ýylyň 12-nji maýynda ispan-amerikan urşy döwründe edinendir diýlip çaklanýar.

Ruzwelt Prezident saýlanandan soňra ýaraga «krowatyň ýanýaragy» diýip at beripdirler, sebäbi döwlet Baştutany ony gijelerine ýatýan krowatynyň gapdalyndaky stoljykda goýýan ekeni.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň