Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat ― Frankfurt uçuşlarynyň sanyny azaltdy

13:2103.01.2023
0
65483

​«Türkmenistan» awiakompaiýasy Aşgabat ― Frankfurt aralygyndaky uçuşlaryň hepdelik sanyny wagtlaýyn azaldar.

Maýn boýundaky Frankfurt şäheriniň halkara howa menziliniň berýän maglumatlaryna görä, hepdede iki gezek amala aşyrylýan uçuşlar gyş meýilnamasynada bir gezege geçirildi.

Has dogrusy, awiakompaniýa şu ýylyň 7-nji ýanwaryndan başlap, her hepdäniň çarşenbe güni amala aşyrylýan T5467 belgili uçuşy ýatyryp, diňe şenbe günündäki T5463 belgili uçuşy galdyrar. Uçar Aşgabat şäherinde gündiz sagat 12:40-da ýola düşer.

Awiakompaniýa uçuşlary «Boeing 777-200LR» uçarlarynda amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň