BAE-niň döwlet awiakompaniýasy «FlyDubai» Dubaýdan Aşgabat şäherine göni gatnawlar üçin awiapetekleriň satuwyna başlady. Häzirki wagtda petekler satuwa çykaryldy. Petekler awiakompaniýanyň web sahypasynda we kassada satylýar.
Uçuşlar 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda başlar we hepdede iki gezek bolar. «FZ731» reýsleri duşenbe we penşenbe günleri Dubaýdan Aşgabat şäherine, Aşgabatdan Dubaýa «FZ732» uçuşlary sişenbe we anna günleri amala aşyrylar.
Uçarlar Dubaýdan (DXB) ýerli wagt bilen 23:55-de uçup, ertesi gün 03:25-de Aşgabat howa menziline (ASB) gonar. Yzyna gaýdyp gelýän uçuş sagat 04:35-de bolup, Dubaýda (DXB) wagt tapawudyna görä 06:30-da gonar.
Uçuşlar «Boeing 737 MAX» uçarynda amala aşyrylar.
Petekleriň bahalary 1400 dirhemden başlaýar.
«FlyDubai» uçuşlary üçin petekleri www.flydubai.com internet sahypasynda we iOS we Android programmalary arkaly satyn alyp bolýar. Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin petekleri oflaýn görnüşinde Aşgabatdaky «FlyDubai» ofisinden satyn alyp bilersiňiz: Seýitnazar Seýdi köçesi, jaý 19/1 («Atlaz» syýahatçylyk kompaniýasy). Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312920166.
BAE we Türkmenistan indi iki awiakompaniýanyň göni uçuşlary bilen birikdiriler. «Türkmenistan» awiakompaniýasy hepdede iki gezek Aşgabatdan Dubaýa (DXB) we Abu-Dabä (AUH) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.