Soňky habarlar

Arhiw

2-nji maý Türkmenistanda Oraza baýramy mynasybetli dynç güni diýlip yglan edildi, «Turkish Airlines» Aşgabatdan Stambula ýörite uçuş amala aşyrar, «Daýhanbank» pul geçirimler hyzmatyny ýola goýdy we beýleki täzelikler

10:0730.04.2022
0
25573

1. Oraza baýramy mynasybetli 2-nji maý Türkmenistanda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli edara-kärhanalar we guramalar üçin dynç güni diýlip yglan edildi. Oraza baýramy bilen tutuş musulmanlar üçin mukaddes bolan Remezan aýy tamamlanýar.

2. 11-nji maýda «Turkish Airlines» awiakompaniýasy Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Mundan başga-da, «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň ýene bir ýörite uçuşy 1-nji maýda Türkmenbaşydan Stambula amala aşyrylar.

3. «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky «Meleguş» atly nagt pul geçirim hyzmatyny ýola goýdy. Bu hyzmatyň üsti bilen müşderiler nagt görnüşdäki pul serişdelerini Türkmenistanyň çägindäki bir hyzmat edýän nokatdan beýleki hyzmat edilýän nokada aňsatlyk bilen ygtybarly usulda ugradyp bilerler. Milli pulda nagt pul serişdelerini geçirmek üçin müşderi «Daýhanbank» DTB-niň merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna öz pasporty, pul serişdesini alyjy baradaky maglumat we nagt pul serişdeleri bilen barmalydyr.

4. Aşgabatdaky «Annanas» haryt nyşanly örülen aksessuarlara bolan isleg barha artýar. Bu haryt nyşanly önümler eýýäm ençeme wagtdan bäri aşgabatly moda muşdaklarynyň göwnünden turup gelýär. Iki ýyl mundan öň döredilen bu haryt nyşany paýtagtymyzyň el iş bazarynda oňat ornaşyp, ekslýuziw önümlerini hödürläp gelýär.

5. Türkmenistanyň «Hasar» konditer kärhanasynyň esaslandyrylanyna aprel aýynda 22 ýyl doldy. 2000-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen konditer kärhanasy önümçilik gerimini ýylsaýyn kämilleşdirip, ýurtda netijeli kärhanalaryň birine öwrüldi.

6. 3-nji maýda Aşgabatda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada sungaty kafedrasynyň orkestriniň ýerine ýetirmeginde hindi kinofimlerinden sazlar ýerine ýetiriler. Konsert 10:00-da başlanar. Giriş tölegsizdir.

7. 2022-nji ýylda Türkmenistanda 18 müň 300 gektar ýerden 82 müň 400 tonna şaly öndürmek meýilleşdirilýär.

1. Braziliýaly 100 ýaşly Uolter Ortmann özboluşly rekord goýdy. Ol 84 ýyllap bir kompaniýada işledi. Ortmann 15 ýaşynda kompaniýanyň eltip bermek gullugyna kömekçi bolup işe durýar. Wagtyň geçmegi bilen ol satyjy, soňra bolsa satuw menejeri bolup işleýär.

2. «Lionsgate» studiýasy «Aç oýunlar» franşizasynyň prikweliniň taýýarlanýandygyny resmi taýdan tassyklady we lentanyň 2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda çykjakdygyny habar berdi. Prikwel «Saýrak guşlar we ýylanlar hakynda ballada» ady bilen çykar we Sýuzan Kollinziň 2020-nji ýyldaky adybir romany esasynda düşüriler.

1. Amerikaly milliarder Ilon Mask dünýäniň futbol äleminde aýgytly güýje öwrülip bilerdi. Ýakynda, dünýäniň iň baý adamy Twitter sosial toruny 44 milliard dollara satyn aldy. Bu sanlary oýlanyp görüp, Twittere derek Mask Ýewropanyň iň meşhur 15 sany klubuny satyn alyp bilerdi.

2. Türkmenistan Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň koeffisientler sanawyndaky 47 ýygyndynyň içinde 17-nji orny eýeleýär. Sanawyň başyny Saud Arabystany, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy çekýär. «Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky çykyşy Türkmenistana 4 utuk gazandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň