Soňky habarlar

Arhiw

84 ýyllap bir kompaniýada işlän braziliýaly goja Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi

16:4129.04.2022
0
4933
84 ýyllap bir kompaniýada işlän braziliýaly goja Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi
Surat: nsctotal.com.br

Braziliýaly 100 ýaşyndaky Wolter Ortmann özboluşly rekordy bilen tapawutlandy. Ol bir kompaniýada ömrüniň 84 ýylyny işlänligi üçin Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy.

Mir24 habarlar gullugynyň habar bermegine görä, braziliýaly Wolter Ortmann 1938-nji ýylda 15 ýaşynda mahaly ReneauxView kompaniýasynda eltip beriji kömekçi hökmünde işe başlapdyr. Onuň zähmet ýolundaky wezipesi wagt geçdigiçe ýokarlanyp, ol ilki satyjy, soňra bolsa söwda boýunça dolandyryjy wezipelerinde işini dowam etdiripdir. 2022-nji ýylyň 19-njy aprelinde Wolter Ortmann ýakynlary we işdeş ýoldaşlary bilen 100 ýaş toýuny dabaraly belläp geçdi.

Onuň ady Ýer ýüzi boýunça bir kompaniýada iň uzak wagtlap işlän hünärmen hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Ortmann şunuň bilen birlikde, 2019-njy ýylda hasaba alnan öz şahsy rekordyny täzelemegi başardy. Şol wagt onuň iş tejribesiniň ýyly 81 ýyl 85 güne deň bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň