Soňky habarlar

Arhiw

Turkish Airlines awiakompaniýasy ýörite uçar gatnawyny meýilleşdirýär

18:1329.04.2022
0
19343

2022-nji ýylyň 11-nji maýynda Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambul — Aşgabat — Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada atavatan-turkmenistan web saýtynda habar berilýär.

Biz mundan öň «Turkmeportal» web saýtymyzda Turkish Airlines awiakompaniýasynyň 1-nji maýda Stambul — Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýändigi barada habar beripdik.

Belläp geçsek, dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlary 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň