Soňky habarlar

Archive news

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2019/2020-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

0
1620
Salgysy:
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143
Telefon belgiňiz:
34-27-46, 34-07-77, 34-25-64

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; agrohimiýa we topragy öwreniş; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; ösümlikleri goramak; tokaý we seýil bag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; gidromeliorasiýa; ýer gurluşygy we kadastry; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak); miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek; et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi; ösümlik ýagyny öndürmek).
2. Weterinariýa we zootehniýa (hünärler: weterinar lukmançylygy; maldarçylyk; atçylyk).
3. Dokma we ýeňil senagatyň tehnologiýalary (hünärler: mata önümçiligi; tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy; tebigy süýümleri egirmek).
4. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: oba hojalygynda maglumat ulgamlary).
Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:
1. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: oba hojalygynyň ykdysadyýeti; oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit).
Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 8 — 21-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki on iki sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Ahal welaýaty — iýul aýynyň 24-25-i, 28-i we 30-y günleri
Aşgabat şäheri  — iýul aýynyň 26-27-si, 29-y we 31-i günleri
Mary welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 3-i we 4-i günleri
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 4-i we 6-sy günleri
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 8-i we 9-y günleri
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 9-y we 10-y günleri.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
oba, tokaý we balyk hojalygy ugry (hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; agrohimiýa we topragy öwreniş; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; ösümlikleri goramak; tokaý we seýil bag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy) — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
oba, tokaý we balyk hojalygy ugry (hünärler: gidromeliorasiýa; ýer gurluşygy we kadastry; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
oba, tokaý we balyk hojalygy ugry (hünärler: miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek; et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi; ösümlik ýagyny öndürmek) — fizika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;
weterinariýa we zootehniýa ugry — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
dokma we ýeňil senagatyň tehnologiýalary ugry — fizika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;
informatika we hasaplaýyş tehnikasy ugry — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
ykdysadyýet we dolandyryş ugry — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 2009-njy (Görogly) köçe, 143, tel.: 34-27-46, 34-07-77, 34-25-64.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň