Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2019/2020-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

0
65892
Salgysy:
г. Туркменабат, ул. Шабенде, 7
Telefon belgiňiz:
3- 25-50, 3-04-18
Soňky täzelenme:

1. Matematika we mehanika (hünär: matematika).
2. Fizika we astronomiýa (hünär: fizika).
3. Himiýa (hünär: himiýa).
4. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
5. Ýeri öwreniş ylymlary (hünär: geografiýa).
6. Taryh we arheologiýa (hünär: taryh).
7. Bilim we pedagogika ylymlary (hünärler: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe).
8. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; rus dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).
Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:
1. Matematika we mehanika (hünär: matematika).
2. Fizika we astronomiýa (hünär: fizika).
3. Himiýa (hünär: himiýa).
4. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
5. Ýeri öwreniş ylymlary (hünär: geografiýa).
6. Taryh we arheologiýa (hünär: taryh).
7. Bilim we pedagogika ylymlary (hünärler: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe).
8. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; rus dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde 2019-njy ýylyň 8 — 21-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Türkmenabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Mary welaýaty  — iýul aýynyň 24-25-i, 28-i, 30-y günleri
Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 26-27-si, 29-y, 31 günleri
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 1-2-3-i, 4-5-i we 6-7-si günleri.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
fizika hünäri — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
matematika hünäri — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
himiýa hünäri — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
biologiýa hünäri — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;
geografiýa hünäri — geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taryh hünäri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;
başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýa hünäri — türkmen dili we edebiýaty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäri — türkmen dili we edebiýaty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
türkmen dili we edebiýaty hünäri — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
rus dili we edebiýaty hünäri — rus dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
iňlis dili we edebiýaty hünäri — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
hytaý dili we edebiýaty hünäri — hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Degişli diller boýunça geçirilýän dil derslerinden başga ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy: Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7, tel.: 3-25-50, 3-04-18.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler