Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2019/2020-nji okuw ýyly üçin daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirýär

0
38290
Salgysy:
г. Ашхабад, ул. 1958 (Андалиба), 169
Telefon belgiňiz:
39-85-25, 39-85-62.
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2019/2020-nji okuw ýyly üçin daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirýär:
Daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerine umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik hem-de 2018/2019-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerini tamamlaýan, degişli daşary ýurt dillerini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwa iberiljek daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň we hünärleriň sanawy, okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumaty Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kabul ediş topary tarapyndan 2019-njy ýylyň 11-nji martyndan 15-nji maýyna çenli kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 
— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;
— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy) ýa-da bahalar bilen şahsy jiltiň tassyklanan göçürmesi;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
— soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm möçberde on iki sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende, artykmaçlyklardan peýdalanýanlar okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de raýatyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Uniwersitetiň kabul ediş topary zerur bolan ýagdaýynda, daşary ýurt döwletlerine okamaga gitmek üçin gerekli goşmaça maglumatlary dalaşgärden sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we seçip alyş işi 2019-njy ýylyň 27 — 30-njy maýy aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.
Birinji tapgyrda dalaşgärler daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin degişli halkara synaglarynyň (TOEFL, IELTS, SAT we beýleki synaglar) netijesi boýunça daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşýarlar.
Ikinji tapgyrda dalaşgärler bilen umumy orta bilim okuw meýilnamasy boýunça synag geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçäniň 169-njy jaýy.
Tel.: 39-85-25, 39-85-62.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler