Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 2019-njy ýylda kliniki ordinatura kabul edişlik yglan edýär

0
12617
Soňky täzelenme:

Kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndaky 9378 belgili Karary bilen tassyklanan Kliniki ordinatura hakyndaky Düzgünnama laýyklykda, Türkmenistanyň lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň we ylmy-kliniki merkezleriniň kliniki ordinaturalaryna amaly saglygy goraýyşda azyndan 3 ýyl işlän, 35 ýaşy dolmadyk lukmanlar hem-de lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary iş ýerlerine ýollaýan iş toparynyň goýbermegi bilen bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Kliniki ordinatura girmek hakynda arza kliniki ordinatorlary taýýarlamagy amala aşyrýan lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy-kliniki merkeziniň direktorynyň adyna aşakdaky resminamalary goşmak bilen berilýär:
— ýokary bilim hakynda diplomyň nusgasy we onuň goşundysy (daşary ýurtda bilim alanlar üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen daşary ýurt döwletiniň bilim hakyndaky resminamasynyň ykrar edilmegi barada şahadatnamanyň nusgasy);
— işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;
— 086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy;
— 4x6 sm ölçegdäki üç sany fotosurat;
— zähmet depderçesiniň nusgasy.
Kliniki ordinatura girýän lukman ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakynda diplomynyň (daşary ýurtda bilim alanlar üçin — diplom we onuň ykrar edilendigi barada resminama) we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň özüni getirip görkezýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2019-njy ýylda kliniki ordinatura kabul edişligi şu aşakdaky hünärler boýunça yglan edýär:
14.01.01 Akuşerçilik we ginekologiýa   2 ýer
14.01.02 Endokrinologiýa   3 ýer
14.01.03 Gulak, burun we bokurdak keselleri   1 ýer
14.01.04 Iç keselleri   3 ýer
14.01.05 Kardiologiýa   1 ýer
14.01.06 Psihiatriýa   1 ýer
14.01.07 Göz keselleri   2 ýer
14.01.08 Pediatriýa   4 ýer
14.01.09 Ýokanç keseller   2 ýer
14.01.10 Deri we weneriki keselleri   2 ýer
14.01.11 Nerw keselleri   3 ýer
14.01.12 Onkologiýa   1 ýer
14.01.13 Şöhle bilen anyklaýyş we bejeriş   1 ýer
14.01.14 Stomatologiýa   1 ýer
14.01.15 Trawmatologiýa we ortopediýa   1 ýer
14.01.17 Hirurgiýa   3 ýer
14.01.18 Neýrohirurgiýa   2 ýer
14.01.19 Çaga hirurgiýasy   1 ýer
14.01.20 Anesteziologiýa we reanimatologiýa   3 ýer
14.01.23 Urologiýa   1 ýer
14.02.02 Epidemiologiýa   1 ýer
14.03.02 Patologik anatomiýa   1 ýer
14.03.11 Dikeldiş lukmançylygy, sport lukmançylygy, kurortologiýa we fizioterapiýa   1 ýer
Kliniki ordinatura girmek hakynda arzalar 2019-njy ýylyň 1-nji aprelinden 30-njy apreli aralygynda kabul edilýär.
Biziň salgymyz: Aşgabat ş., A.Gowşudow köçesiniň 58-nji jaýy. 
Habarlaşmak üçin telefonlarymyz: 92-67-90, 92-70-86.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi 2019-njy ýylda kliniki ordinatura kabul edişligi şu aşakdaky hünärler boýunça yglan edýär:
14.01.01 Akuşerçilik we ginekologiýa   3 ýer
14.01.08 Pediatriýa   8 ýer
14.01.19 Çaga hirurgiýasy   3 ýer
14.01.20 Anesteziologiýa we reanimatologiýa   6 ýer
Kliniki ordinatura girmek hakynda arzalar 2019-njy ýylyň 1-nji aprelinden 30-njy apreli aralygynda kabul edilýär.
Biziň salgymyz: Aşgabat ş., Görogly köçesiniň 80-nji jaýy. 
Habarlaşmak üçin telefonymyz: 36-93-49.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana 2019-njy ýylda kliniki ordinatura kabul edişligi şu aşakdaky hünärler boýunça yglan edýär:
14.01.05 Kardiologiýa   2 ýer
14.01.26 Ýürek-damar hirurgiýasy   2 ýer
Kliniki ordinatura girmek hakynda arzalar 2019-njy ýylyň 1-nji aprelinden 30-njy apreli aralygynda kabul edilýär.
Biziň salgymyz: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 192-nji jaýy. 
Habarlaşmak üçin telefonymyz: 36-92-05.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi 2019-njy ýylda kliniki ordinatura kabul edişligi şu aşakdaky hünärler boýunça yglan edýär:
14.01.12 Onkologiýa   6 ýer
Kliniki ordinatura girmek hakynda arzalar 2019-njy ýylyň 1-nji aprelinden 30-njy apreli aralygynda kabul edilýär.
Biziň salgymyz: Aşgabat ş., Arçabil şaýolunyň 22-nji jaýy. 
Habarlaşmak üçin telefonymyz: 48-98-07.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler