Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandayň ýokary okuw mekdeplerinde 2019 — 2020-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýaşlar bilen «Açyk gapylar» güni geçirilýär

0
18605
Soňky täzelenme:

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde we 11-nji maýynda sagat 15.00-da 2019 — 2020-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýaşlar bilen «Açyk gapylar» gününi geçirýär.
Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda durmuşa ornaşdyrýan düýpli özgertmeleri, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, institutda alnyp barylýan işler, şeýle hem taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler barada «Açyk gapylar» gününde ýaşlara giňişleýin maglumat berler. «Açyk gapylar» güni Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirilýär. 
Salgysy: Türkmenabat şäheri, Şabende köçesiniň 7-nji jaýy.
Telefonlary: 3-04-21; 3-67-02; 3-25-44.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty 2019 — 2020-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2019-njy ýylyň 5-nji we 27-nji aprelinde hem-de 10-njy maýynda geçiriljek “ Açyk gapylar ” gününe çagyrýar.
“Açyk gapylar” gününde bilime-ylma höwesli, zehinli ýaşlara hormatly Pre-zidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-ýurt bähbitli par-asatly ýörelgeleriniň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, institutymyzda taýýarlanýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy, usulyýet, medeni-köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler. “Açyk gapylar” günleri görkezilen salgyda sagat 14:00-da başlanýar:
Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 40-njy jaýy.
Telefonlarymyz: 22-64-02, 22-65-47.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2019-njy ýylyň 6-njy we 20-nji aprelinde hem-de 11-nji maýynda geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2019 — 2020-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebimize okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriň uçurymlaryny, harby bölümleriň esgerlerini, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary 2019-njy ýylyň 6-njy we 20-nji aprelinde hem-de 11-nji maýynda geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.
Bu çärä gatnaşanlara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler. «Açyk gapylar» güni insti-tutda sagat 15:00-da geçirilýär.
Biziň salgymyz: Mary şäheriniň Baýramhan köçesiniň 62-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefonlarymyz: 800522-5-75-02, 800522-5-75-03.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler