Top.Mail.Ru

Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça gözükdiriji

0
60765
Soňky täzelenme:

Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça gözükdiriji
I bap. UMUMY DÜZGÜNLER
1. Şu Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdiriji (mundan beýläk – Gözükdiriji) «Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň    16-njy martynda çykaran 1176-njy kararyna laýyklykda taýýarlanyldy we daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary (mundan beýläk - Resminamalar) Türkmenistanda ykrar etmek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
2. Türkmenistanyň raýatlaryna, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara daşary ýurt döwletlerinde 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň berlen Resminamalar ykrar edilmäge degişlidir.
3. Daşary ýurt döwletinde berlen Resminamanyň Türkmenistanda ykrar edilmegi diýlip, onuň Türkmenistanda hünär bilimine bildirilýän talaplara laýyk gelýändiginiň, ýagny onuň eýesine Türkmenistanyň çäklerinde bilimiň indiki basgançagynyň maksatnamalary boýunça okuwyny dowam etdirmäge, hünär işini amala aşyrmaga, şol sanda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde bilime bildirilýän hökmany kär talaplar kesgitlenen wezipeleri eýelemäge hukuk berilmeginiň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan resmi taýdan tassyklanylmagyna düşünilýär. 
Resminamalaryň Türkmenistanda ykrar edilmegi, onuň eýesine resminamanyň alnan ýurdundaky berilýän hukuklardan artykmaç hukuklary bermeýär.
4. Daşary ýurt döwletiniň bilim ýa-da bilim çygrynda dolandyryşy amala aşyrýan edarasynyň beren resmi haty ýa-da arhiw kepilnamasy uçurymyň hakykatdan hem okandygyny, okuw meýilnamasyny doly özleşdirendigini we onuň adyna Resminama berlendigini, Resminama bolsa, uçurymyň taýýarlygynyň mazmunynyň we hiliniň döwlet bilim standartlaryna laýyklygyny tassyklamak üçin esas bolup durýar.
5. Resminamalary ykrar etmek üçin bildirilýän talaplar:
1) Resminamalar şu hünär bilimi edaralary tarapyndan berlen bolmalydyr:
a) Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar üçin döwlet hünär bilimi edaralary, beýleki daşary ýurt döwletleri üçin şol döwletlerde resmi ygtyýarlygy bolan hünär bilimi edaralary tarapyndan;
b) Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça Resminamalar dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawyna giren ýokary okuw mekdepleri tarapyndan.
Halkara guramalaryň (“Academic Ranking of World Universities”, “QS World University Rankings” we “The Times Higher Education World University Rankings”) resmi internet sahypasyndan alnan maglumatlara laýyklykda daşary ýurt bilim edaralarynyň öňdeligini düzýän okuw mekdepleriniň sanawy hem-de Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça maglumat her ýylyň başynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanylýar hem-de hemmeleriň dykgatyna ýetirmek üçin degişli çäreler geçirilýär;
2) okuwlar gündizki (önümçilikden aýrylmak şerti bilen) görnüşinde bolmalydyr;
3) Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar üçin hünär bilimi maksatnamasyny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen möhletlerden az bolmaly däldir. 
Beýleki daşary ýurt döwletleri üçin hünär bilimi maksatnamasyny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESCO) tarapyndan tassyklanylan, Bilim klassifikasiýasynyň Halkara standartynda bellenen möhletlere laýyk gelmelidir. 
6. Şu Gözükdirijiniň bäşinji böleginiň:
1) 1-nji bendinde görkezilen talaplar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 1176-njy karary bilen tassyklanan,  Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibiniň herekete girmezinden öň hereket eden kanunçylyga laýyklykda okuwa girenleriň Resminamalaryna degişli däldir; 
2) 1-2-nji bentlerinde görkezilen talaplar aşakdakylara degişli däldir: 
a) Türkmenistanyň hökümetara, pudagara halkara şertnamalaryna laýyklykda okuwa iberilen adamlara berlen resminamalara;
b) 2014-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan öň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet ýa-da döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk döwlet akkreditasiýasyny ýa-da halkara akkreditasiýasyny geçen hünär bilimi edaralaryna, beýleki daşary ýurt döwletleriniň bolsa, şol döwletlerde resmi ygtyýarlygy bolan bilim edaralaryna okuwa girip, okuwyň gündizki-gaýybana ýa-da gaýybana görnüşi boýunça okuwy tamamlap alnan Resminamalara;
ç) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarynyň çözgüdi esasynda ykrar edilýän Resminamalara;
d) ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlere bolan zerurlyklaryny esaslandyryp beren ýüztutmasy boýunça, degişlilikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň bölümleriniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarynyň rugsady ýa-da iki ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolup, okuwa girenleriň Resminamalaryny ykrar etmek barada iş berijisiniň towakganamasy bolan ýagdaýynda, 2014-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň  16-njy martynda çykaran 1176-njy karary bilen tassyklanan, Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibiniň herekete  girmezinden öň okuwyň gündizki-gaýybana ýa-da gaýybana görnüşine okuwa girip, okuwy tamamlap alnan Resminamalara;
3) 3-nji bendinde görkezilen talaplar aşakdakylara degişli däldir: 
a) hünär biliminiň binýadynda okuwyň gysgaldylan görnüşinde okalyp alnan Resminamalara;
b) aýratyn tapawutly ukyplylaryň okuw maksatnamasyny özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça wagtyndan öň özleşdirip alan Resminamalaryna. 
7. Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilmedik hünärler (taýýarlygyň ugurlary) boýunça daşary ýurt döwletleriniň hünär bilim edaralarynyň beren Resminamalary degişli ugurdaş hünär boýunça ykrar edilýär. 
Hünärleriň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, degişli (ugurdaş) hünär bilimine bildirilýän talaplara laýyk getirmek maksady bilen, bir ýyla çenli möhletde goşmaça tölegli okuwlar guralýar.
II bap. YKRAR ETMEK IŞINIŇ GURALYŞY
8. Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri tarapyndan berlen Resminamalary ykrar etmek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň amala aşyrýan işleri:
1) daşary ýurt döwletlerinde berlen Resminamalary Türkmenistanyň çäginde ykrar etmek baradaky iş toparyny düzmek;
2) şu Gözükdirijiniň “Ykrar etmek işini geçirmek üçin zerur resminamalaryň sanawy” atly III babyna laýyklykda resminamalary kabul etmek işini guramak (hasaba almak);
3) ykrar etmek bilen bagly resminamalary kabul etmek üçin ýokary okuw mekdepleriniň jogapkär wekillerini işe çekmek;
4) kabul edilen resminamalary şu Gözükdirijiniň bäşinji bölegine laýyklykda seljermek, şeýle hem netijenama taýýarlamak we Döwlet synaglaryny geçirmek üçin Türkmenistanyň degişli ýokary we orta hünär okuw mekdebine ibermek; 
5) daşary ýurt döwletlerinde berlen Resminamalary ykrar etmek baradaky Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň iş toparlarynyň netijenamalaryna garamak we Döwlet synaglarynyň netijeleri boýunça karar kabul etmek;
6) daşary ýurt döwletlerinde berlen Resminamalary ykrar etmek hakyndaky buýrugy çykarmak hem-de Daşary ýurt döwletlerinde berlen bilim hakyndaky resminamanyň ykrar edilendigi barada Ykrar şahadatnamasyny (mundan beýläk – Ykrar şahadatnamasy, şu Gözükdirijä goşundy) doldurmak üçin degişli ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ibermek we doldurylan Ykrar şahadatnamasyna gol çekip tassyklamak;
7) Ykrar şahadatnamasyny gol çekdirip bermek.
9. Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri tarapyndan berlen Resminamalary ykrar etmek boýunça Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň amala aşyrýan işleri:  
1) daşary ýurt döwletlerinde berlen Resminamalary Türkmenistanyň çäginde ykrar etmek işlerini alyp barmak üçin iş toparyny düzmek;
2) şu Gözükdirijiniň “Ykrar etmek işini geçirmek üçin zerur resminamalaryň sanawy” atly III babyna laýyklykda resminamalary kabul etmek (hasaba almak) üçin jogapkär wekilleri bellemek;
3) resminamalaryň şu Gözükdirijiniň bäşinji böleginiň talaplaryna laýyklygyny barlamak; 
4) daşary ýurt döwletleriniň bilim maksatnamasynyň hünär ýa-da taýýarlyk ugry boýunça berilýän bilimlere we her bir kär üçin bildirilýän talaplara laýyk gelşini seljermek;
Türkmenistanyň hünär bilimi edarasynda taýýarlanylmaýan hünärler (taýýarlygyň ugurlary) boýunça okalyp  ýa-da okuw döwründe hünärini (taýýarlygyň ugruny) üýtgedip, daşary ýurt döwletiniň okuw mekdebini tamamlap, alnan Resminamany Türkmenistanyň çäginde ykrar etmek meselesine bilimiň mazmuny boýunça iň ýakyn taýýarlyk ugruna (hünärine) laýyklykda ýa-da önümçilikden degişli wekilleriň (hünärmenleriň, alymlaryň, professor-mugallymlaryň) gatnaşmagynda okalan dersleriň sanawyny, olara berlen akademiki sagatlaryň sanyny, tejribelikleri we beýlekileri öwrenmek arkaly iş topary çözgüt kabul edýär. Ykrar etmek işiniň dowamynda aýratyn ýüze çykýan meseleler bilim edarasynyň alymlar geňeşinde (mugallymlar ýa-da usulyýet geňeşlerinde) seredilip bilner;
5) Resminamanyň goşundysynda okuw ýüki kreditler (hasap birligi) bilen görkezilen ýagdaýynda okuw sagatlarynyň möçberini Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ulanylýan kredit ulgamy boýunça hasaplamak;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna we alnan hünärine (taýýarlygyň ugruna) laýyklykda, bilimiň basgançagy barada teklipnama görkezilen netijenamany taýýarlamak we Türkmenistanyň Bilim ministrligine ibermek; 
7) bilim maksatnamasynyň milli bölegi boýunça bar bolan tapawutlaryň öwezini dolmak üçin maslahat okuwlary hem-de käbir hünärleriň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, gerek bolan halatynda, bir ýyldan köp bolmadyk möhletli hünär (taýýarlyk ugry) boýunça goşmaça tölegli okuwlary guramak;
8) Türkmenistanyň jemgyýeti öwreniş dersleri boýunça Döwlet synagyny geçirmek;
9) alnan hünärine (taýýarlygyň ugruna) degişli dersler boýunça Döwlet synagyny geçirmek;
10) Döwlet synaglarynyň netijeleri baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Bilim ministrligine bellenen nusga laýyklykda ibermek;
11) Ykrar şahadatnamasyny resmileşdirmek (daşary ýurt döwletlerinde berlen bilim hakyndaky resminamanyň ykrar edilendigi barada Ykrar şahadatnamasyny doldurmak) we Resminamalary ykrar etmek meselesine garamagyň netijeleri barada Resminamanyň eýesine, degişli ministrlige ýa-da pudak edarasyna habar bermek.
10. Ýokary we orta hünär okuw mekdepleri kabul edilýän resminamalaryň şu Gözükdirijiniň talaplaryna laýyklygyna,  olaryň dolulygyna we dogrulygyna jogapkärdirler. 
III bap. YKRAR ETMEK IŞINI GEÇIRMEK ÜÇIN ZERUR RESMINAMALARYŇ SANAWY
11. Daşary ýurt döwletiniň ýokary we orta hünär okuw mekdebi tarapyndan berlen Resminamany Türkmenistanyň çäginde ykrar etmek işini geçirmek üçin zerur resminamalaryň sanawy şu aşakdakylardan ybaratdyr:
1) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan maksatlaýyn okuwa iberilen Türkmenistanyň raýatynyň Resminamany ykrar etmek baradaky arzasy ýa-da
Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatyny maksatlaýyn okuwa iberen Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň Resminamany ykrar etmek baradaky haty ýa-da 
Türkmenistanyň çäkleriniň daşynda hususy tertipde okan adamyň Resminamany ykrar etmek baradaky arzasy;
2) ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky (Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agzasy bolmadyk ýurtlarda berlen resminama  kanunlaşdyrylan bolmaly)  resminamanyň Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjime edilen iki sany nusgasy;
3) ikinji ýokary bilim hakynda resminama, magistr derejesi hakynda resminama, hünär biliminiň ýa-da akademiki kepilnamanyň binýadynda okuwyň gysgaldylan görnüşinde okalyp alnan Resminamalar ykrar edilende, ozalky bilimi hakynda resminamanyň Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjime edilen iki sany nusgasy;
4) ýokary hünär biliminiň ikinji basgançagy (magistr derejesi) baradaky  Resminamalar ykrar edilende bakalawr derejesi baradaky Resminamanyň Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjime edilen (ykrar edilen bolsa Ykrar şahadatnamasynyň hem) iki sany nusgasy;
5) okuw dersleri, okuw sagatlarynyň möçberi we her okuw dersi boýunça bilimlere goýlan bahalar görkezilen, Resminamanyň goşundysynyň (hasap-synag sanawnamasyndan göçürmäniň) Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjime edilen iki sany nusgasy;
6) Şu Gözükdirijiniň altynjy böleginiň 2-nji bendiniň “b”- “d” kiçi bentlerine degişli Resminamalary beren Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň bilim edarasynyň döwlet ýa-da halkara akkreditasiýasyny geçendigi baradaky resminamanyň okuw mekdebi tarapyndan tassyklanan göçürmesiniň (şol döwletlde göz öňünde tutulan halatynda) Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjime edilen iki sany nusgasy;
7) daşary ýurt döwletiniň bilim ýa-da bilim çygrynda dolandyryşy amala aşyrýan edarasynyň şu aşakdaky maglumatlar görkezilen resmi haty ýa-da arhiw kepilnamasy:
a) ýokary we orta hünär okuw mekdebine (eger-de olaryň sany birnäçe bolsa, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine) okuwa kabul edilen we okuwy tamamlan senesi hem-de (bilim edarasy tarapyndan göz öňünde tutulan halatynda) ýokary we orta hünär okuw mekdebi boýunça çykarylan buýruklary, okuwyň görnüşi;
b) hünäri (taýýarlyk ugry) boýunça okuwyň kadalyk ölçeg möhleti (Resminamanyň goşundysynda görkezilmedik bolsa);
ç) Resminamanyň san belgisi; 
d) bilim edarasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi.
Resmi hat ýa-da arhiw kepilnamasy (asyl nusgasy) daşary ýurt döwletiniň bilim ýa-da bilim çygrynda dolandyryşy amala aşyrýan edarasynyň blankynda ýazylan, onuň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan (Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet bilim edaralary  üçin – döwlet tugraly möhür basylan) görnüşinde bolup, ol Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjimesi bilen bilelikde berilmelidir. 
Daşary ýurt döwletiniň bilim ýa-da bilim çygrynda dolandyryşy amala aşyrýan edarasynyň resmi haty ýa-da arhiw kepilnamasy Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň beýleki ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan maksatlaýyn okuwa iberilen Türkmenistanyň raýatlaryna berlen resminamalara bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilendigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, daşary ýurt döwletlerine maksatlaýyn okuwa iberen Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň güwänamasy bilen çalşylyp bilner.
Resminamanyň eýesi degişli döwletiň kanunçylygyna laýyklykda hereket edýän we şu Gözükdirijiniň bäşinji böleginde görkezilen talaplaryň ýerine ýetirilendigini tassyklaýan beýleki resminamalary tabşyryp biler;
8) pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan başga resminamanyň nusgasy we bar bolan ýagdaýynda Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň nusgasy;
9) bellenen nusga boýunça Resminamanyň eýesiniň özi barada maglumat. 
12. Resminamalar tabşyrylanda ýüz tutýan adam bilim hakyndaky resminamanyň (Ykrar şahadatnamasynyň) we Resminamanyň goşundysynyň (hasap-synag sanawnamasyndan göçürmäniň)  asyl nusgalaryny, şeýle hem  pasportyny ýa-da onuň ornuny tutýan  başga resminamany we bar bolan ýagdaýynda Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny görkezýär. Kabul edýän jogapkär wekil  resminamalaryň nusgalarynyň asyl nusgalary bilen gabat gelşini barlap kabul edýär. 
Zerur bolan ýagdaýynda Resminamanyň eýesiniň daşary ýurt döwletinde okandygy we şahsyýeti barada goşmaça anyklaýjy maglumatlar soralyp bilner.
Berlen resminamalaryň hakykylygy üçin Resminamanyň eýesi ýa-da onuň ýerine ýüz tutýan adam şahsy jogapkärçilik çekýär.
13. Kabul edilýän resminamalary hasaba almak Türkmenistanyň Bilim ministrligine gelýän resminamalary hasaba almak boýunça hereket edýän tertibe laýyklykda amala aşyrylýar. 
IV bap. DÖWLET SYNAGLARYNYŇ GURALYŞY WE GEÇIRILIŞI
14. Resminamalary ykrar etmek üçin olaryň eýeleri Türkmenistanyň jemgyýeti öwreniş we hünär ugruna degişli dersler boýunça Döwlet synaglaryny bellenen tertipde tabşyrýarlar. 
Döwlet synaglary  Türkmenistanyň ýokary we orta hünär bilim edaralarynda guralýar we geçirilýär. 
Döwlet synag topary Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde döwlet synag toparlary hakyndaky Düzgünnamada bellenilýän tertipde döredilýär.
Döwlet synaglary ýylda 4 gezek (fewral, maý, sentýabr we noýabr aýlarynda) döwlet dilinde geçirilýär.
Resminamasynyň Türkmenistanda ykrar edilmegine dalaş edýän Döwlet synagy boýunça kanagatlanarsyz baha alan halatynda nobatdaky synag aýlarynda synag tabşyran okuw mekdebine ýüz tutmak arkaly Döwlet synaglaryny gaýtadan tabşyryp biler. Şunda degişli okuw mekdebi ýüz tutýana gaýtadan Döwlet synagyny tabşyrmak üçin mümkinçilik döretmelidir. Döwlet synaglary gaýtadan tabşyrylanda şu Gözükdirijiniň dokuzynjy böleginiň 7-nji bendinde bellenilen maslahat okuwlary ýa-da goşmaça tölegli okuwlar gaýtadan geçilmeýär.
15. Döwlet synaglaryna taýýarlamak üçin Türkmenistanyň degişli ýokary we orta hünär okuw mekdepleri şu aşakdaky okuwlary guraýarlar:
1) Türkmenistanyň jemgyýeti öwreniş dersleriniň soraglaryny öz içine alýan Döwlet synagyna taýýarlamak üçin maslahat okuwlary;
2) alnan hünärine (taýýarlygyň ugruna) degişli dersleriň soraglaryny öz içine alýan Döwlet synagyna taýýarlamak üçin maslahat okuwlary.
16. Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 1992-nji ýylyň 31-nji dekabryndan öň okuwa girenleriň Resminamalary, bilim almagyň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň Döwlet synaglaryny tabşyrmazdan ykrar edilýär.                                                              17. Türkmenistanyň Döwlet synaglaryndan üstünlikli geçenleriň ýa-da şu Gözükdirijiniň on altynjy bölegine laýyklykda synaglardan boşadylanlaryň  Resminamalarynyň ykrar edilendigi barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky Ykrar şahadatnamasy berilýär. 
Ykrar şahadatnamasy daşary ýurt döwletinde berlen resminamanyň asyl nusgasy bilen bilelikde hukuk güýjüne eýedir. 
Ykrar şahadatnamasyny taýýarlamagyň, saklamagyň, hasaba almagyň, doldurmagyň we Resminamanyň eýesine  gowşurmagyň düzgünleri Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýan tertibe laýyklykda kesgitlenýär.
V bap. BILIM HAKYNDA RESMINAMALARY YKRAR ETMEK BILEN BAGLY HARAJATLARYŇ KESGITLENILMEGI
18. Daşary ýurt döwletinde berlen Resminamalary ykrar etmek bilen baglanyşykly harajatlar şu Gözükdirijä laýyklykda ýerine ýetirilen işler boýunça çykdajylary öz içine alýar.
Görkezilen çykdajylar daşary ýurt döwletinde okan ýa-da Türkmenistanyň raýatyny Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda maksatlaýyn okuwa iberen Türkmenistanyň ministrligi, pudaklaýyn dolandyryş edarasy tarapyndan tölenilýär.
Töleg pulunyň möçberi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
19. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri tarapyndan gurnaljak okuwlarda okadyljak sagatlaryň, şeýle hem Döwlet synaglary üçin berilýän sagatlaryň möçberleri ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin bellenilen kadalara laýyklykda hasaplanylýar. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdebi tarapyndan ýerine ýetirilen işler üçin bellenilen tölegler şol ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň býujetden daşary hasabyna ýa-da ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýanyndaky hojalyk hasaplaşygyndaky merkezleriň (tölegli kurslaryň) hasabyna geçirilýär. 
Resminamany ykrar etmezlik barada karara gelnende, tölenen pul yzyna gaýtarylyp berilmeýär. 
Resminamanyň Türkmenistanyň çäginde ykrar edilýändigi barada oňyn çözgüt kabul edilenden soň, Ykrar şahadatnamasy hem-de ýerine ýetirilen işler üçin bellenilen töleg pulunyň möçberleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň býujetden daşary hasabyna geçirilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler