Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen Harby-deňiz mekdebine okuwa çagyrýarys

0
7075
Salgysy:
Балканский велаят, этрап Туркменбаши, ул. Асудалык 10
Telefon belgiňiz:
800243 7-98-24; 7-81-47
Soňky täzelenme:

2019—2020-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi okamaga isleg bildiren, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň orta okuw mekdepleriniň 7-nji synpyny tamamlaýan oglan okuwçylaryny giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini habar berýär. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden orta mekdebiň okuw maksatnamasynyň çäginde, döwlet dilinde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça giriş synaglar kabul edilýär. 
Dalaşgärleriň resminamalary ýerli etrap we şäher harby wekilliklerinde kabul edilýär.
Biziň salgymyz: Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Asudalyk köçesiniň 10-njy jaýy.
Telefon belgilerimiz: 8-00-243, 7-98-24, 7-81-47.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler