Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin ABŞ-da bir ýyllyk okuw FLEX maksatnamasy

0
11778
Telefon belgiňiz:
(+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36.
Web adres:
http://americancounclistm.org/flex
Soňky täzelenme:

Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin FLEX maksatnamasynyň 2019-njy ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berýär.

FLEX maksatnamasynyň bäsleşigi aşakdaky talaplara gabat gelýän ähli ýokary synp okuwçylary üçin açykdyr:

 — 2001-nji ýylyň mart aýynyň 15-den 2003-nji ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler; ýöne 11-nji synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler.

— häzirki wagtda mekdepde okaýan;

— mekdepdäki ýetişigi gowy bolan, iňlis dilinde gowy gürleşmek we ýazmak ukyplaryna eýe bolan;

— soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk;

— ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýan;

— Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar ýany bilen hökmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, 3x4 ölçegli bir fotosurat, ruçka getirmelidirler we synaglara hökmany ýagdaýda mekdep lybasynda gelmelidirler.

Bäsleşik merkezlerine gelen ähli okuwçylar, özlerini talabalaýyk, ýagny tertipli we sylaşykly alyp barmalydyrlar, okuwçy görkezilen düzgünleri berjaý etmedik ýagdaýynda, FLEX maksatnamasynyň bäsleşiginden çykarylyp bilner.

Synag merkezlerinde öýjükli telefonlaryny ýa-da beýleki elektronik enjamlaryny ((iPADs, iPODs,we ş.m.) ulanmak gadagandyr. Okuwçy ýokarda görkezilen enjamlary ýany bilen getiren ýagdaýynda, FLEX maksatnamasynyň bäsleşiginden çykarylyp bilner.

Synagyň geçiriljek wagty:

Ahal welaýaty Tejen*  20-nji ýanwarda 09:00 Tejen şäheri, 3-nji orta mekdep Tejen şäherinde.

Aşgabat şäheri*  27-nji ýanwarda 09:00 Aşgabat şäheri, 20-nji orta mekdep Aşgabat şäherinde.

 

*Ahal welaýatynyň okuwçylary özlerine has amatly bolan ýerde, ýagny Tejen ýa-da Aşgabat şäherinde geçiriljek bäsleşige gatnaşyp bilerler.

*Öz şäherinde FLEX maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek FLEX maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler, ýöne bäsleşigiň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaklyk rugsat edilýär. 

Amerikan Geňeşlikleriniň ofisine ýüz tutup bilersiňiz: (+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36;

http://americancouncilstm.org/flex

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler