Arhiw

Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler, Brýansk maşyngurluşyk zawody Türkmenistana 5 sany ýük teplowozyny iberdi, noýabrda boljak howa barada

10:4001.11.2022
0
23538

1. 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek barada degişli tabşyryklary berdi.

2. Brýansk maşyngurluşyk zawody 5 sany ýük teplowozyny taýýarlady we Türkmenistana iberdi. 2022-nji ýylyň tomsunda türkmen we rus taraplarynyň arasynda «2TE25KM» kysymly magistral teplowozlarynyň 5 sanysyny satyn almak baradaky şertnama gol çekilipdi. Ýük ulaglary çylşyrymly howa şertlerinde barmasy kyn bolan ýerlerde ulanmak üçin niýetlenendir.

3. Noýabryň birinji on günlüginde Aşgabatda howanyň temperaturasynyň, esasan, kadaly ýagdaýda, galan günlerde bolsa kadadan ýokary bolmagyna garaşylýar. Aýyň ilkinji günlerinde howanyň temperaturasy +25 çenli, Ahalyň gündogarynda we Mary welaýatynda bolsa +27…+32 çenli ýokarlanyp biler. 11-16 m/s tizlige ýetýän güýçli şemalyň boljakdygy habar berilýär. 1-nji noýabrdan 2-nji noýabra geçilýän gije käbir ýerlerde ýagyş ýagar, tupanyň bolmagy mümkin. 2-4-nji noýabrda temperatura peselip başlar.

4. Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçisi Farruh Şarifzoda bilen Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda Täjik medeniýetniň günlerini geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

5. 19-njy noýabrda sagat 18:00-da Aşgabatdaky «Watan» kinokonsert merkezinde «Hindi kinosynyň muşdaklaryna» atly konsert geçiriler. Konsertde «Tans et, tans et!», «Disko tansçysy», «Ar alyş we kanun» we beýleki meşhur hindi kinofilmleriniň aýdymlary ýaňlanar.

6. 2-nji noýabrda Moskwadaky Russiýa döwlet kitaphanasynyň Gündogar edebiýaty merkeziniň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň medeni mirasy: etnografik nukdaýnazar» atly tegelek stol geçiriler. Çäre Gündogar edebiýaty merkeziniň, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň we Türkmen medeniýetiniň Moskwa jemgyýetiniň bilelikde gurnamagynda geçiriler.

7. Braziliýanyň öňki Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa döwlet Baştutanynyň saýlawlarynda ýeňiji boldy, ol ýurduň häzirki Lideri Žair Bolsonarudan 2 milliona golaý ses bilen öňe geçdi. Zähmetkeşler partiýanyň ýolbaşçysynyň peýdasyna 59 milliondan gowrak adam ses berdi, onuň garşydaşyny bolsa saýlawçylaryň 57 milliony goldady.

8. Saud Arabystany geljek ýylda gazylyp alynýan uglewodorod däl baýlyklaryň möçberini artdyrmagy maksat edinýär, şonuň bilen baglylykda hem magdan, mis, demir, gurşun we sink känleri bolan ýataklarda gözleg işlerini geçirmek boýunça bäsleşikleri yglan etmegi meýilleşdirýär. Geçen ýylda Saud Arabystany dag-magdan senagaty pudagyna 8 milliard dollar möçberinde daşary ýurt maýa goýumyny çekdi we 2030-njy ýyla çenli ýene 170 millard dollar çekmegi maksat edinýär.

9. Futbol boýunça Özbegistanyň Kubogynyň final duşuşygynda «Nawbahor» «Nasafdan» 1:2 hasabynda asgyn geldi. Duşuşyk Buharada geçirildi. «Nasaf» Özbegistanyň Kubogyna üçünji gezek eýe boldy we AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 2023/2024-nji möwsüminiň toparlaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bu bäsleşikde iň köp ýeňiş gazanan – Daşkendiň «Pahtakor» toparydyr, ol 13 gezek bu bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

10. «Formula 1-iň» iki gezek çempiony «Red Bull-yň» sürüjisi, Meksikanyň Gran-pri ýaryşynyň ýeňijisi niderlandly awtosürüji Maks Ferstappen bir möwsümde gazanan ýeňişleriniň sany boýunça täze rekorda adyny ýazdyrdy. Meksikanyň Gran-pri ýaryşyndaky ýeňiş Ferstappen üçin häzirki çempionatdaky 14-nji ýeňiş boldy. 25 ýaşly niderlandly türgen bu görkeziji boýunça germaniýaly sürüjiler Mihael Şumaheriň we Sebastýan Fetteliň rekordlaryndan öňe saýlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň