Aşgabatda Täjigistanyň Medeniýet günlerini Türkmenistanda geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

17:2031.10.2022
0
23751

Geçen hepdäniň ahyrynda Aşgabatda Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Farruh Şarifzoda Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Täjigistanyň medeni günlerini Türkmenistanda geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Avesta täjik habarlar gullugy habar berdi.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, duşuşykda taraplar medeniýet we sungat pudagynda Täjik-Türkmen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Hususan-da, söhbetdeşler Täjigistanyň Medeniýet günlerini Türkmenistanda geçirmek bilen baglanyşykly meselelere seredip geçdiler.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşykda medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli bilelikdäki işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň