Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 5-nji noýabrda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

22:0431.10.2022
0
19246

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi hem-de ýurtda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda wise-premýer A.Ýazmyradowyň hasabatynda beýan edilişi ýaly, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde, ýurduň welaýatlarynda hem-de paýtagtynda ekiljek bag nahallaryny we olaryň ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň 5-nji noýabrynda tutuş ýurt boýunça geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleriniň görülmelidigini aýtdy.

Iş maslahatynda welaýatlaryň häkimlerine hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň