Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan internetiň tizligini ýokarlandyrmagy we nyrhnamalaryň bahasyny arzanlatmagy meýilleşdirýär, Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýne geldi, Türkmenistan «Uniwersitetiň üç missiýasy» halkara derejesindäki diplomlary ykrar eder

09:3922.02.2023
0
56356

1. «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ we «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy şu ýylyň 1-nji martyndan başlap fiziki şahslar üçin täze çäklendirilmedik internet nyrhnamalaryny girizer, şeýle hem öňden bar bolanlarynyň bahalaryny arzanladar. Indi abonentler üçin 4 sany nyrhnama elýeter bolar – 6 Mbit/s – 280 manat, 4 Mbit/s – 230 manat, 2 Mbit/s – 180 manat we 1 Mbit/s – 150 manat.

512 Kbit/s tizlikli nyrhnamany ulanýan abonentler awtomatiki usulda 1 Mbit/s tizlige geçiriler. Aýlyk abonent tölegi 200 manat bolan 2 Mbit/s tizlikli nyrhnamany ulanyjylar bolsa her aýda 180 manat tölegli nyrh meýilnamasyna awtomatiki usulda geçiriler.

Şeýle hem häzirki wagtda täze nyrh meýilnamalaryna geçmek isleýän ulanyjylardan degişli arzalaryň kabul edilip başlanandygy bellenilýär.

2. Düýn agşam Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna bardy. Prezidentiň uçary Muharrak şäheriniň Halkara howa menziline gondy, bu ýerde möhüm waka mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Döwlet Baştutanyny Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar. Şu gün Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa bilen duşuşygy bolar.

3. Türkmenistanyň Bilim ministrligi «Türkmenistanda daşary ýurtlarda berlen ýokary we orta hünär bilimi baradaky resminamalary ykrar etmegiň Tertibine» käbir üýtgetmeler girizdi. Indi diplomlary Türkmenistanda ykrar ediljek daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna Moskwanyň «Uniwersitetiň üç missiýasy» halkara sanawy hem girizildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Bilim ministrligi «QS World University Rankings» sanawyna girýän daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň diplomlaryny ykrar edýär. «Uniwersitetiň üç missiýasy» sanawy 2017-nji ýyldan bäri her ýyl çap edilýär. 2022-nji ýylda oňa 103 ýurtdan 1800 uniwersitet girizildi.

4. Astrahan döwlet uniwersiteti, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar instituty bilen hyzmatdaşlyk şertnamalaryny baglaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada ADU-nyň halkara işler boýunça prorektory Angelina Fadina gürrüň berdi. Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda Astrahan döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň raýaty bolan 600-den gowrak talyp bilim alýar, soňky üç ýylda bolsa ýokary okuw mekdebini 900-den gowrak uçurym tamamlady.

5. 23-nji fewralda ýörite täze ýaz egin-eşik toplumynyň çykmagy mynasybetli Türkmenistanda meşhurlyk gazanan ýaşlar üçin egin-eşik haryt nyşany «Däp» ilkinji gezek fotosurat sergisini geçirer. «Däp» topary toplumy döretmek üçin geçmişden ylham aldy. Täze toplumyň esasy mowzugynyň nostalgiýa bolmagy tötänden däldir. Haryt nyşanynyň wekilleriniň bellemeklerine görä, dizaýnerler geçmiş bilen şu günüň arasynda köpri döretmäge çalyşdylar. Fotosurat sergisi 23-nji fewralda geçiriler we şol gün «Däp» haryt nyşanynyň «Aşgabat» SDAM-däki we «Berkarar» SDAM-däki dükanlarynda satuwlar başlanar.

Dünýäde

6. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýokary okuw mekdeplerinde 4 ýyldan 6 ýyla çenli adaty okuw döwrüne dolanmagy teklip etdi. «Ýokary bilimde düýpli üýtgeşmeler geçdi, Sowet döwrüniň iň oňat tejribeleriniň we soňky onýyllyklaryň tejribesiniň utgaşdyrylmagy gerek» – diýip, döwlet Baştutany belledi. Putin ýokary okuw mekdeplerinde täze bilim ulgamyna geçmegiň aňsat bolmalydygyny, ähli zadyň jikme-jik pikirlenilmelidigini nygtady.

7. Saud Arabystanynda keseligine uzap gidýän binanyň gurluşygyna başlanyldy. «The Line» diýlip atlandyrylýan bu binanyň uzynlygy 170 kilometre we ini 200 metre barabar bolup, onda dokuz million adam ýerleşip biler. Binanyň ähli ulgamlary sap energiýa bilen işlär. Häzirki wagtda gurluşyk işleri binýadyň derejesinde barýar, işler gije-gündizleýin tertipde dowam edýär.

Sport habarlary

8. Madridiň «Realy» Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşygynda 5:2 hasap bilen «Liwerpuldan» ynamly üstün çykdy. Ýeňijileriň düzüminden Winisius Žunior we Karim Benzema dubl bilen tapawutlandylar, ýene bir pökgini Eder Militao tora girizdi. «Gyzyllaryň» peýdasyna Darwin Nunýes we Mohamed Salah tapawutlanmagy başardylar. Toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy 15-nji martda Madridde geçiriler, «Liwerpula» indiki tapgyra çykmaga diňe gudrat kömek edip biler.

9. Günüň beýleki duşuşygynda «Napoli» myhmançylykda «Aýntraht» bilen güýç synanyşdy. Hasaby 40-njy minutda «Napoliniň» hüjümçisi Wiktor Osimhen açdy. Hwiçi Kwarasheliýanyň pasy bilen neapolitanlylaryň kapitany Jowanni Di Lorenso ikinji pökgini tora girizdi. Jogap duşuşygynda «Aýntraht» oýnuň 58-nji minudynda gyzyl duýduryş alan hüjümleriniň ýolbaşçysy Randal Kolo-Muanä bil baglap bilmez.

10. Malaýziýanyň milli ýygyndysy Türkmenistan bilen dostluk duşuşygyny geçirer. Oýun 2023-nji ýylyň 23-nji martynda Johor ştatynyň Soltan Ybraýym adyndaky stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň