Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna bardy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu sapar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Günorta-Günbatar Aziýada ýerleşýän dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan ilkinji saparydyr.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň sapary mynasybetli Bahreýniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Bahreýn Patyşalygynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny ýurduň Premýer-ministriniň orunbasary we beýleki resmi adamlar, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Bahreýniň Patyşasynyň ikiçäk duşuşygynyň hem-de giňeldilen düzümdäki gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.
Ýokary derejeli duşuşyklaryň jemleri boýunça gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalar türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylyň dekabrynda ýola goýuldy. Türkmenistanyň ozalky Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna 2011-nji ýylda amala aşyran resmi sapary, Bahreýniň Patyşasynyň 2019-njy ýylda Türkmenistana döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakalar boldy.
Daşary syýasat strategiýasynda arap dünýäsiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ileri tutýan Türkmenistan Bahreýn Patyşalygy bilen hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär.