Soňky habarlar

Arhiw

«Real» ÝÇL-iň 1/8 finalynyň deslapky oýnunda «Liwerpuly» uly hasapda ýeňdi

03:0322.02.2023
0
29060

Aşgabat wagty bilen 21-nji fewraldan 22-nji fewrala geçilen gijede Liwerpul şäherindäki «Enfild» stadionynda ÝÇL-iň pleý-off tapgyrynyň deslapky oýny geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň çäginde «Matç TV» teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlyma berildi.

Duşuşykda Madridiň «Realy» ilki 2 top tapawudy bilen yzda galandygyna garamazdan, 5:2 hasabynda ýeňiş gazandy.

Oýnuň 4-nji minutynda «Liwerpulyň» hüjümçisi Darwin Nunýes hasaby açdy. 14-nji minutda «Realyň» derwezeçisi Tibo Kurtuanyň öz jerime meýdançasynda goýberen ýalňyşlygyndan peýdalanyp, Muhammed Salah hasapdaky aratapawudy 2 topa çykardy.

21-nji minutda «Realyň» hüjümçisi Winisius Žunior hasaby gysgaltdy. 36-njy minutda ýene Winisius Žunior hasapdaky deňagramlylygy täzeden dikeltdi. 47-nji minutda Luka Modriçiň pasyndan soňra derwezä dürs urgyny geçiren Eder Militao «Realy» öňe çykardy.

55-nji minutda Karim Benzema «Realyň» dördünji goluny geçirdi. 67-nji minutda bolsa Karim Benzema dubl edip, oýna soňky nokady goýdy.

«Real» bilen «Liwerpulyň» arasyndaky jogap oýny 15-nji martda Ispaniýada geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň