Soňky habarlar

Arhiw

Putin Federal ýygnaga ýüzlenme bilen çykyş etdi

09:3022.02.2023
0
23250
Putin Federal ýygnaga ýüzlenme bilen çykyş etdi
Surat: ria.ru

Düýn, sişenbede Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýurduň Federal ýygnagyna ýüzlenme bilen çykyş etdi. Prezident 1 sagat 45 minutlyk çykyşynda möhüm içerki we daşary syýasat meselelerine ünsi çekdi, häzirki wagtda halkara ýagdaýyna seljerme berdi, ýurduň golaý geljegine dahylly wezipeleri kesgitledi.

Putiniň çykyşyny diňlänler 53 gezek, şol sanda 4 gezek dik durup el çarpdylar. Bu Russiýanyň Prezidentiniň Mejlise iň uzak wagt dowam eden ýüzlenmesidir diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

Wladimir Putin çykyşynda Bolon ulgamyndan ýüz öwrüp, ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegiň däp bolan usulyna gaýdyp gelmäge çagyrdy we şunda ýokary bilim berlişiň möhletiniň 4-den 6 ýyla çekse ýerlikli boljakdygyny nygtady.

Putin şeýle hem 2024-nji ýylda RF-da Prezident saýlawlarynyň kanun esasynda geçiriljekdigini belledi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Prezidentiň belleýşi ýaly, iIatly ýerleri, ilkinji nobatda, çagalar baglarydyr mekdepleri, hassahanalary, feldşer-akuşerlik nokatlaryny mugt gazlaşdyrmak dowam etdiriler.

Russiýada zähmet bazary öňküden has oňaýly boldy diýip, Putin belledi, ol şeýle-de ýurduň köp ugurlar boýunça uly öňegidişlikleri gazanmaga mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.

Ýylyň aýagyna çenli Russiýa dänäniň eksportyny 55-60 million tonna ýetirer, geçen ýyl oba hojalyk pudagynda uly ösüş derejesi gazanyldy. Rus oba hojalykçylary rekord derejede, ýagny 150 million tonnadan gowrak däne hasylyny ýygnadylar, onuň 100 million tonnadan gowragy bugdaý hasylydyr diýip, Putin habar berdi.

«RIA Nowosti» habarlar gullugy RF-niň Prezidentiniň Federal ýygnaga ýüzlenmesiniň dünýäniň onlarça teleýaýlymlarydyr habar beriş serişdeleri tarapyndan giňden şöhlelendirilendigini habar berdi. Putiniň çykyşyny «BFM TV», «France24», «LCI fransuz», «BBC World», «Sky News Arabia britan», «Welt» we «Phoenix», «Al-Jazirakatar», «Al-Maýadin», «Al-Ihbariýa» teleýaýlymlarynyň göni alyp görkezendigi aýdylýar.

Finlýandiýanyň «YLE» we «Helsingin Sanomat» teleýaýlymlary, Türkiýäniň «CNN Türk» teleýaýlymy Putiniň çykyşyny görkezdi. Habarda, şeýle-de ýapon, hindi, hytaý teleradioýaýlymlarynyň Federal ýygnaga ýüzlenmäni göni ýaýlymda görkezendikleri bellenýär.

ABŞ-nyň «New York Times» we «Washington Post» neşirleri Putiniň çykyşynyň tekst ýazgysyny çykyşyň gidişinde ýerleşdirdi, «CNN» teleýaýlymy bölekleýin, «CNBC» teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň