Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan temmäki önümleri üçin goşmaça tölegleriň möçberini artdyrdy, Russiýa Fedrasiýasynyň ilçihanasy talyp wizalaryny resmileşdirmek üçin resminamalaryň kabul edilýändigini yglan etdi

10:5530.07.2022
0
15419

1. «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, daşyndan getirilýän temmäki önümleri üçin goşmaça tölegleriň möçberi gümrük nyrhynyň 74%-den 93%-e çenli, emma her guty üçin $4-den az bolmadyk möçberde artdy. Degişlilikde, senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki üçin goşmaça tölegleriň möçberi 1 kg üçin 19,5 amerikan dollaryna çenli artdy.

2. 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminde türkmen dalaşgärleri we talyplary üçin rus ýokary okuw mekdeplerine okuw wizalaryny resmileşdirmek boýunça kabul edişlik guralar. Kabul edişlik elektron we telefon arkaly ýazylmak esasynda däl-de, janly nobat boýunça geçiriler. Resminamalar duşenbeden anna çenli sagat 9:30-dan 13:00-a çenli kabul ediler.

3. «Türkmenistan» awiakompaniýasy 30-njy iýulda türkmen raýatlaryny Belarussiýadan Watanymyza alyp gaýtmak üçin nobatdaky ýörite howa gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. «Minsk» milli howa menziliniň resmi saýtynyň berýän maglumatlaryna görä, T5788 ugry boýunça Minskden Türkmenabada howa gatnawy «Boeing 737-800» uçarynda amala aşyrylar. Uçuş ýerli wagt bilen sagat 20:35-de meýilleşdirilýär.

4. Türkmenistanly ýer eýeleri Watan harmanyna 1 million 500 müňtonna golaý bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

5. Birnäçe ýyl mundan öň Türkmenistanyň hojalyk himiýa bazarynda «Lion Wings» ýapon-indoneziýa kompaniýasynyň önümleri peýda boldy.

6. Awstraliýaly alymlar topary COVID-19-a garşy mikroçipli plastyr döretdiler. Täze önümiň syçanlarda geçirilen barlaglarynyň netijesinde, «Vaxxas» plastyrynyň adaty sanjym usulyndan has netjelidigi subut edildi.

7.«Sprite» özüniň ýaşyl çüýşelerinden ýüz öwrer. 1-nji awgustdan başlap, «Sprite» biziň öwrenişen ýaşyl çüýşämizde däl-de, içi görünýän gapda öndürilip başlanar. Bu çözgüt ekologik maksatlar esasynda kabul edildi, çünki ýaşyl polietilentereftalaty (PET) içi görünýän görnüşinden tapawutlylykda, ikinji gezek ulanmak üçin gaýtadan işläp bolmaýar.

8. Türkmen teleýaýlymy «Sport» Ýewropanyň futbol boýunça öňdebaryjy çempionatlaryny göni ýaýlymda görkezmegini dowam edýär. 30-njy iýulda, şenbe güni «RB Leýpsig» we «Bawariýa» futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogy ugrundaky duşuşykda güýç synanyşarlar. Duşuşyk Leýpsigdäki «Red Bull Arena» stadionynda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 23:00-da başlanar. Duşuşyk türkmen dilinde teswirlener. Bawariýalylar üçin bu Robert Lewandowskiniň «Barselona» geçmeginden soňra ilkinji resmi duşuşykdyr.

9. 31-nji iýulda, ýekşenbe güni Fransiýada täze futbol möwsümi badalga alar. Ol ýurduň Superkubogy ugrunda «Nant» bilen «PSŽ-niň» arasyndaky duşuşyk bilen başlanar. Duşuşygyň Aşgabat wagty bilen sagat 23:00-da başlanmagyna garaşylýar. Parižliler üçin bu täze tälimçileri kristof Galtýe bilen ilkinji resmi duşuşyklary bolar. Oýun Tel-Awiwdäki «Blumfild» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň