Turkmenportal logo
29.07.22
56925692
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan: Sport» Germaniýanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer
«Türkmenistan: Sport» Germaniýanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer

30-njy iýulda «RB Leýpsig» bilen «Bawariýanyň» arasynda Germaniýanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky futbol duşuşygy geçiriler. Bu duşuşyk Leýpsig şäherindäki «Red Bull Arenada» bolar.


Aşgabat wagty bilen 23:30-da başlanjak duşuşygy «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy öz tomaşaçylaryna göni ýaýlymda ýetirmegi meýilleşdirýär.


Bu duşuşyk mýunhenliler üçin esasy hüjümçisi Robert Lewandowski «Barselona» geçensoň ilkinji resmi duşuşyk bolar.