Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen gallaçylary Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý bugdaý tabşyrdylar

21:4129.07.2022
0
4214

Şu gün Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer A.Ýazmyradowyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa hasabatynda türkmen daýhanlarynyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habar beýan edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, döwlet tarapyndan berilýän giň möçberli goldawyň netijesinde, ýurduň gallaçylary Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, edermen daýhanlary galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri bilen tüýs ýürekden gutlady.

— Men şu ýyl köp yhlas we zähmet siňdirilip ýetişdirilen galla hasylyny siziň iň soňky dänesine çenli zaýa etmän ýygnap aljakdygyňyza hem-de täze ýylyň bol hasylynyň düýbüni mäkäm tutjakdygyňyza berk ynanýaryn — diýip, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow nygtady we bereketli toprakdan gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde tutanýerli zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanan ussat gallaçylary, oba hojalyk işgärlerini, kombaýnçylary, sürüjileri we ähli türkmenistanlylary gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, pederleriň şöhratly daýhançylyk däplerini dowam etdirip, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň