Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň dalaşgärleri we talyplary üçin okuw wizasy resmileşdirilip başlanar

20:1729.07.2022
0
52683

Şu ýylyň 1-nji awgustyndan Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk bölümi Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň dalaşgärleri we talyplary üçin okuw wizasyny resmileşdirip başlar. Degişli bildiriş Russiýanyň ilçihanasynyň «Telegram» hasabynda ýerleşdirildi.

Hasabatda aýdylyşy ýaly, resminamalar iş günleri (duşenbe — anna) 9:30-dan 13:00 aralygynda kabul edilýär.

Dalaşgärleriň hem-de talyplaryň ýanlarynda aşakda görkezilen resminamalar bolmaly:

  • Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrligi tarapyndan talyp wizasyny almak üçin berlen çakylyk haty;
  • Anketanyň doldurylan görnüşi we fotosurat;
  • Raýatyň pasportynyň göçürmesi we asyl nusgasy;
  • Raýatyň daşary ýurt pasportynyň göçürmesi we asyl nusgasy (pasportyň möhleti çakylykda görkezilen wizanyň möhletinden azyndan 18 aý bolmaly);
  • rus diline terjime edilen AIW infeksiýasynyň ýoklugynyň hakyky şahadatnamasy (şahadatnama 3 aý dowam edýär).

Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasy mugt wizany taýýarlamak üçin 7 günüň gerekdigini ýatladýar. Gyssagly esasda (3 iş güni üçin) wiza almagyň bahasy 160 ABŞ dollaryna barabardyr. Töleg diňe Konsullyk bölüminiň kassasynda nagt görnüşinde kabul edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň