Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Belarusa ýene bir ýörite uçuşy gurar

13:5629.07.2022
0
9928

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 30-njy iýulda Belarusa nobatdaky ýörite uçuşyny meýilleşdirýär. Bu uçuş bilen Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň bir topary Watanyna getiriler.

Kompaniýanyň resmi saýtynyň berýän maglumatyna görä, Minsk milli howa menzilinden T5788 belgi boýunça Minsk şäherinden Türkmenabada uçuş amala aşyrylar. Uçuş awiakompaniýanyň Boeing 737-800 uçary bilen alnyp barlar. Uçuş şol gün ýerli wagt bilen 20:35-de meýilleşdirilýär.

Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky yzygiderli howa gatnawynyň 2020-nji ýylda wagtlaýyn ýatyrylandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň