Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň birnäçe etraplarynda howanyň iň ýokary temperatura rekordy täzelendi, otlularyň tizligi peseldiler, ýerli teleýaýlymlaryň görkezilişi wagtlaýyn duruzyldy

10:4525.07.2022
0
57501
Türkmenistanyň birnäçe etraplarynda howanyň iň ýokary temperatura rekordy täzelendi, otlularyň tizligi peseldiler, ýerli teleýaýlymlaryň görkezilişi wagtlaýyn duruzyldy

1. Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň birnäçe etraplarynda günüň iň ýokary temperatura rekordy täzelendi. Käbir etraplarda howanyň temperaturasy +47°-den ýokary boldy.

2. Türkmenistanda otlularyň tizligi peseldiler. Bu çäreler «Türkmendemirýollarynyň» ýolbaşçylar düzümi tarapyndan yssy howa sebäpli girizildi. Iýul we awgust aýlarynda demirýol düşeginiň we onuň polat bölekleriniň aşa gyzjakdygy bellenilýär.

3. Türkmenistanyň telewideniýesi ýerli teleýaýlymlaryň görkezilişini 12 sagat duruzdy. Iýul aýynyň 24-den 25-ne geçilýän gije abatlaýyş-öňüni alyş işleri geçirildi. Döwlet telewideniýesi öz işlerini şu gün sagat 12-de gaýtadan dowam etdirdi.

4. 13-14-nji awgust aralygynda sport tansy boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçiriler. Bäsleşik Türkmenistanyň Sport tansy federasiýasy tarapyndan guralar. Aşgabada ýurduň ähli welaýatlaryndan iň ökde tansçylar gelerler we breýk-dans, hip-hop, densholl, popping, kramp, haus we beýeki tans görnüşleri boýunça özara bäsleşerler.

5. «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynda iş ýeri Aşgabat şäherinde bolan maliýe menejeri wezipesi açyldy. Dalaşgärler agzalan talaplar boýunça doly maglumatlaryny we goşmaça resminamalaryny getirmelidirler. Maglumatnamany kompaniýanyň aşakdaky salgyda ýerleşýän ofisinden alyp bilersiňiz: Türkmenistan, Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý (B bina).

6. «Roskino» 2022-nji ýylda Türkmenistanda rus filmleriniň görkezilişini guramagy meýilleşdirýär. Bu barada «Roskinonyň» baş direktory Inna Şalyto Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçysy Olga Lýubimowa bilen duşuşygynda belledi. Şeýle hem rus filmleriniň görkezilişini Belarussiýada, Iordaniýada, ermenistanda we Özbegistanda guramak meýilleşdirilýär.

7. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi «Aleksandr Newskiý» ordeni bilen sylaglady. Sylag Özbegistanyň we Russiýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren uly hyzmatlary üçin gowşuryldy.

8. BSGG-niň baş direktory Tedros Gebreýesus maýmyn mamasy keseliniň ýaýramagyny halkara derejeli adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etdi. BSGG-niň soňky maglumatlaryna görä, dünýäniň 75 döwletinde bu kesel bilen 16 müňden gowrak adamyň keselländigi ýüze çykaryldy.

9. Woleýbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň ilkinji iki tapgyrynda iki ýeňiş gazandy. Türkmen woleýbolçylary Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň toparlaryndan 3:2 hasabynda üstün çykdy. Jemleýji tapgyrda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistanyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar.

10. Türkmenistanly türgen Isgender Ýagmyrow Fransiýadaky Patrik Muratoglu tennis akademiýasynda geçirilen uly tennis boýunça halkara bäsleşiginde bürünç medala mynasyp boldy. Bäsleşik 14-16 ýaşly ýaşlaryň we bu abraýly akademiýanyň okuwçylarynyň arasynda geçirildi.

11. Türkmenistanly agyr atletikaçy Surajbek Sapaýew Daşkentde geçirilen ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda 96 kilogram agram derejede kümüş medala mynasyp boldy. Sapaýew 294 kg netije bilen (135 kg silterläp götermek + 159 kg itekläp götermek) ikinji orny eýeledi. Özbegistanly Abrorbek Marufbekow (299 kg; 136+163) birinji orna, ikinji orna bolsa eýranly türgen amirhosseýn Sepah Ajerlu (290 kg; 135+155) mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň