Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlaryň we ýetginjekleriň Aziýa çempionatynda türkmen agyr atletikaçysy kümüş medal gazandy

08:0324.07.2022
0
8864
Türkmenistanly agyr atletikaçy Surajbek Sapaýew Daşkentde agyr atletika boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Aziýa çempionatynda 96 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşip, kümüş medal gazandy.
17 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen ýaryşda baýrakly orunlar üçin agyr atletikaçy türgenleriň bäşisi bäsleşdi.
Sapaýew 294 kg (silterläp 135, itekläp götermekde 159) bilen ikinji orny eýeledi. Bu agramda birinji orny Özbegistandan Abrorbek Marufbekow (299 kg; 136+163) gazandy. Ilkinji üçlügi eýranly Amirhossein Sepah Ajerlu (290 kg; 135+155) jemledi.
Iýun aýynda Leon (Meksika) şäherinde geçirilen ýaşlaryň dünýä çempionatynda 96 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Surajbek Sapaýew 292 kg (132 + 160) agramyň hötdesinden gelip, bäşinji orny eýeläpdi.
Ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Aziýa çempionaty 25-nji iýulda tamamlanar.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň