Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanda her ýyl geçirilýän gyşky film görkezilişi arkaly amerikan medeniýetini paýlaşýar

0
8390
Soňky täzelenme:

2016-njy ýylyň 3- nji ýanwarynda ABŞ-nyň ilçihanasy özüniň her ýyl geçirýän gyşky filmler görkezilişini başlaýar we Türkmenistanyň dürli şäherlerinde amerikan kinosungatynyň iň ajaýyp eserlerini hödür edýär. 2016-njy ýylda görkezilişiň çäginde çagalar we ulular üçin niýetlenen we hemmeler üçin gyzykly boljak amerikan sungatyny we medeniýetini beýan edýän filmleriň birnäçesi görkeziler.
 
Filmleriň ählisi rus dilinde görkeziler. Giriş tölegsiz we hemmeler üçin açyk. Filmler aşakdaky tertip boýunça görkeziler:
 
Aşgabat – “Aşgabat” kinoteatry

  • Ýekşenbe, 3-nji ýanwar sagat 11:00-da – “Gahrymanlaryň şäheri” (multfilm)
  • Ýekşenbe, 3-nji ýanwar sagat 15:00-da – “Öwrümli ýollarda ylgaýan adam” (kinofilm)
  • Ýekşenbe, 3-nji ýanwar sagat 18:30-da – “Polat adam” (kinofilm)

 
Türkmenabat – Türkmenabat şäheriniň Türkmenistanyň gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň medeniýet öýi

  • Duşenbe, 4-nji ýanwar sagat 11:00-da – “Gahrymanlaryň şäheri” (multfilm)
  • Duşenbe, 4-nji ýanwar sagat 14:00-da – “Öwrümli ýollarda ylgaýan adam” (kinofilm)
  • Duşenbe, 4-nji ýanwar sagat 18:30-da – “Özge planetaly” (kinofilm)

 

Balkanabat – Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nebitçileriň medeniýet köşgi

  • Sişenbe, 5-nji ýanwar sagat 18:30-da – “Polat adam” (kinofilm)
  • Çarşenbe, 6-njy ýanwar sagat 11:00-da – “Gahrymanlaryň şäheri” (multfilm)
  • Çarşenbe, 6-njy ýanwar sagat 15:00-da – “Öwrümli ýollarda ylgaýan adam” (kinofilm)

 
Türkmenbaşy – Türkmenbaşy şäheriniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeniýet köşgi

  • Penşenbe, 7-nji ýanwar sagat 11:00-da – “Gahrymanlaryň şäheri” (multfilm)
  • Penşenbe, 7-nji ýanwar sagat 15:00-da – “Öwrümli ýollarda ylgaýan adam” (kinofilm)
  • Penşenbe, 7-nji ýanwar sagat 18:30-da – “Polat adam” (kinofilm)

 
Mary – Mary şäheriniň “Margiana” medeniýet köşgi

  • Anna, 8-nji ýanwar sagat 15:00-da – “Öwrümli ýollarda ylgaýan adam” (kinofilm)
  • Anna, 8-nji ýanwar sagat 18:30-da – “Polat adam” (kinofilm)
  • Şenbe, 9-njy ýanwar sagat 11:00-da – “Gahrymanlaryň şäheri” (multfilm)

 
Daşoguz – “Daşoguz” myhmanhanasynyň maslahatlar jaýy

  • Duşenbe, 11-nji ýanwar sagat 15:00-da – “Öwrümli ýollarda ylgaýan adam” (kinofilm)
  • Duşenbe, 11-nji ýanwar sagat 18:30-da – “Polat adam” (kinofilm)
  • Sişenbe, 12-nji ýanwar sagat 11:00-da – “Gahrymanlaryň şäheri” (multfilm)

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler