
Röwşen Nepesowyň orkestri we “Black Jack” topary bilelikdäki konsertde geçip barýan möwsümiň iň meşhur aýdymlaryny ýerine ýetirerler. Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr “Black Jack” topary bilen bilelikde özünde geçip barýan möwsümiň iň meşhur aýdymlaryny jemleýän uly şüweleňli konserte tomaşa etmäge çagyrýar. Konsert programmasy “Beatles toparynyň meşhur aýdymlary”, “Santana”, “80-njiniň diskotekasy”, “90-njynyň diskotekasy” we beýleki taslamalaryň netijeleri boýunça tomaşaçylaryň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp düzüldi. Konserte Marika Mamedowa, Berdimyrat Berdiýew, Aleksandr Koçetow we ýaş zehin Selim Gurbansähedow dagy gatnaşýar. Konsert 2015-nji ýylyň 5-nji iýulynda “Türkmenistan” kinokonsert zalynda geçiriler.Başlanýan wagty — 19.30
Başga-da bu temada

Konsertler
|02.12.2025
6036
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri «Täze ýyl mawy yşygyna» çagyrýar

Konsertler
|22.11.2025
2530
Türkmenistan kinokonsert merekeziniň afişasy

Konsertler
|01.11.2025
9446
«Mekdebe öwrülen ömür» atly Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almamedowyň we onuň şägirtleriniň sergisi

Çagalara
|31.05.2025
26429